Dünýäniň syýasy arenasynda möhüm orun eýeleýän hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň parahatçylygyň we abadançylygyň merkezine öwrülmegi ugrunda milli Liderimiziň akyl-paýhasly, öňdengörüjilikli daşary syýasaty esasynda täze, has ähmiýetli syýasy ýörelgä öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň ägirt uly aladasy bilen ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halklaryň agzybirligi, dost-doganlygy ugrunda yhlasly hereket edýän ynsanperwer syýasat derejesine çykdy. Hormatly Prezidentimiziň: «Biziň Bitaraplygymyz bizi hiç babatda çäklendirmeýär, ol biziň azatlygymyzyň we üznüksiz ösüşimiziň kepili bolup, halkymyzyň parahatçylyk we durnuklylyk, dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk baradaky asyrlarboýy eden arzuwyny durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikleri döredýär» diýip aýdan sözleri hem doly subut edýär. Milli Liderimiziň ynsanperwer, adalatly daşary syýasaty netijesinde hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bu gün dünýä halklarynyň asylly maksatlarynyň, hoşniýetli arzuwlarynyň amala aşýan, halklaryň dost-doganlyga tarap gol uzadýan mekanyna öwrüldi.
Garaşsyz döwletimiziň taryhynda ýene bir möhüm wakalaryň biri bolmak bilen, 2007-nji ýylda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň döredilmegi Türkmen Bitaraplygynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanan iň bir ähmiýetli üstünlikleriniň ýene biri boldy. Milli Liderimiz 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda sebit merkeziniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda bu wakanyň aýratyn ähmiýetini nygtap: «Biz Merkeziň ýerleşdirilýän ýeri hökmünde Garaşsyz Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň saýlanyp alnandygyna ýokary baha berýäris hem-de muňa BMG tarapyndan ýurdumyza bildirilýän uly ynam hökmünde garaýarys, ýokary jogapkärçiligi duýmak bilen, biziň ýurdumyzyň Merkeziň netijeli işlemegi üçin ähli zerur zatlary etjekdigini ynandyrmak isleýärin» diýip belledi.
Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi bolup durýan hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň gyşarnyksyz alnyp barylmagy netijesinde uly halkara abraýa eýe bolan, şeýle belent derejä ýeten ata Watanymyzyň goňşy ýurtlar, dostlukly halklar bilen amala aşyrýan ägirt uly taslamalary döwletimiziň we dünýä halklarynyň ykdysady bähbitlerini göz öňünde tutmak bilen, halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň has-da berkemegine, medeni gatnaşyklaryň ösmegine, iň esasy hem, parahatçylygyň we asudalygyň üpjün edilmegine goşýan goşandy ýurdumyzyň özüniň belent derejesine laýyk asylly wezipeleri alyp barýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň esasynda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgelerini düzmekde we ony alyp barmakda milli Liderimiziň döwleti dolandyrmagyň parasatly ýörelgelerine daýanmagy, ýokary ynsanperwerligi adat edinmegi, dünýäniň her bir ýurdy bilen deň derejedäki dostluk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny amala aşyrylmagyny kepillendirdi.
Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň «Bitarap Türkmenistan» atly kitabyny halkymyza ýetirmegi bu şanly toý mynasybetli Şa serpaýy bolupdy. Ýurt Baştutanymyzyň akyl-paýhas hazynasynyň dürdänesi bolan bu kitapda döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň esaslary we düýp mazmuny giňden açylyp görkezilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu kitabynda: «Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berdi. Ol Garaşsyzlygyň çuň manyly ideýalarynyň amala aşyrylmagy üçin ynamdar kepil bolup hyzmat edýär» diýip aýdan sözleri Türkmen Bitaraplygynyň hukuk ýagdaýyny, many-mazmunyny, onuň maksadyny doly aýdyňlygy bilen açyp görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň daşary syýasatynda Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň borçlaryna doly wepaly bolmak bilen, oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny daşary syýasatynyň esasy ýörelgelerini işläp düzmekde we ony alyp barmakda döwleti dolandyrmagyň parasatly ýörelgelerine daýanmak, ýokary ynsanperwerligi adat edinmek, dünýäniň her bir ýurdy bilen deň derejedäki dostluk gatnaşyklarynyň jebis ýola goýulmagyny maksat edinmek arkaly ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyny kepillendirdi.
Ýurdumyzyň özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda Birleşen Milletler Guramasy bilen alyp barýan ysnyşykly gatnaşyklarynyň sebitimizde howpsuzlygy we durnuklylygy saklamaga, sebitde ýerleşýän döwletleriň özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda durnukly ösmegine ýardam bermegi ata Watanymyzyň özüniň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna mynasyp iş alyp barýandygyny aýdyň görkezýär. Ýurdumyz özüniň saýlap alan bu ýörelgelerine doly we dogry eýermek bilen, oňyn Bitaraplyk, parahatsöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň daşary syýasatymyzyň özeni bolup durýandygyny iş ýüzünde subut edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmegimilli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň wezipe-borçlaryna wepaly bolup, tutuş ýer ýüzünde parahatçylygyň, asudalygyň höküm sürmegi ugrunda yzygiderli çykyş edýän Türkmenistan döwletimiziň syýasy ýörelgeleriniň doly ykrar edilmegi hökmünde kabul etmek bolar.
Halkyň durmuşynda uly yz goýan her bir sene mukaddeslik hökmünde halkyň taryhyna girýär. 12-nji dekabr hem türkmen halkynyň durmuşynda täze bir ýol-ýörelgäniň jarçysy boldy. Gahryman Arkadagymyz bu günüň aýratynlygyny özüniň «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda: «Häzir Bitaraplygyň alamatlary biziň gündelik durmuşymyzyň köp tarapynda öz beýanyny tapdy. 12-nji dekabr — türkmen halkynyň mukaddes baýramlarynyň biri — Bitaraplyk günüdir» diýip belledi. Bu gün bütin halkymyz ata Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň şanly toýuny uly dabaralar bilen, şatlyk-şowhuna besläp belleýär. Çünki ýurdumyzyň bu derejesi halkymyzyň bagtyýarlygynyň, azatlygynyň, mizemezliginiň hemişelik kepili bolup kalplarymyzy buýsançdan doldurýar. Ýurdumyzyň Bitaraplyk toýy örän ähmiýetli waka bolup, hoşniýetli goňşuçylyk, ähli halklar bilen dostlukda hem agzybirlikde ýaşamak hakyndaky halkymyzyň asylly meýlini ýer ýüzüne jar edýär. Il-günümiziň howandary Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz parahat, asmanymyz arassa bolsun, halkymyzyň toýlary toýa ulaşsyn!
Täşli KERIMOW,
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygynyň kömekçisi.
“Nesil” gazeti,
11.12.2018ý.