Häzirki wagtda ähmiýeti boýunça energiýa serişdeleriniň arasynda ikinji ýerde durýan tebigy gazyň orny barha ýokarlanýar. Bilermenler ýakyn onýyllyklarda islegleriň durnukly artmagy netijesinde, dünýäniň energiýa deňagramlylygynda tebigy gazyň paýynyň we onuň sarp edilişiniň möçberiniň köp ýurtlarda yzygiderli ýokarlanjakdygyny belleýärler. Biziň ýurdumyz bilermenleriň geçiren barlaglarynyň netijesi boýunça uglewodorod serişdeleriniň goruna dünýäde baý ýurtlaryň hatarynda ykrar edilýär. Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna hem-de bu serişdeleri tutuş adamzadyň hyzmatynda goýmak babatda syýasy ugra eýermek bilen, olary ibermegiň logistiki düzümini işjeň ösdürip, eksport akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy şu ýolda möhüm tapgyr bolup durýar. TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy iri möçberli energetika taslamasy bolup, onuň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi sebitde taryhy ähmiýetli tutumdyr. Bu taslama hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenip taýýarlanan energetika syýasatynyň çäklerinde durmuşa geçirýän halkara ähmiýetli taslamalarynyň hataryna girýär.
Hormatly Prezidentimiziň 20-nji noýabrda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň amala aşyrylyşy boýunça meselelere-de garaldy. Häzirki wagtda bu iri taslama gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplaryň artýandygy guwandyryjydyr. Iş maslahatynyň dowamynda Birleşen Arap Emirlikleriniň nebitgaz ulgamynda işleýän kompaniýalarynyň bu ägirt uly gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmaga gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändikleri barada bellenildi.
Türkmenistan we Saud Arabystany tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan döwletleriň hataryna girýär. Munuň özi ýangyç-energetika ulgamynda, şeýle hem beýleki pudaklarda döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly şertleri döredýär. Häzirki döwürde bu maksatlarda polat turbalary Dammam portundan Hazaryň üsti bilen Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna getirilýär. Ýurdumyza iki tapgyrda jemi 35 müň metrden gowrak polat turbalar getiriler.
Ine, şeýle iri maýa goýumlary daşary ýurtly maýadarlaryň TOPH gaz geçirijiniň gurluşygyna uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär. Olar bu taslamanyň derwaýyslygyna hemde kuwwatyna, onuň bähbitliligine ýokary baha berýärler. Türkmenistanyň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasaty, milli ykdysadyýetimiziň durnuklylygy, ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýynyň bolmagy bu babatda oňyn ýagdaý bolup hyzmat edýär.
TOPH gaz geçirijisi boýunça ýurdumyzyň çäginde turbageçirijiniň 214 kilometri çekiler, soňra ol Owganystanyň Hyrat we Kandagar şäherleriniň üsti bilen, Pakistanyň Kwetta we Multan şäherleriniň çäklerinden geçer. Şol ýerden bolsa, Hindistanyň Fazilka ilatly nokadyna çenli baryp ýeter. Bu sebitleýin gaz geçirijisiniň taslamasyny düzüjiler ýeriň çylşyrymly böleklerini geçmek, çägeli we batgalyk ýerler üçin melioratiw çäreleri işläp düzmek, şeýle hem gaz turbalaryny ýerasty suwlaryndan goramak bilen baglanyşykly wezipeleri çözmeli boldy. Täze gaz geçiriji ulgamynyň demir ýoluň, Garagum derýasynyň, Tejen derýasynyň, Howuzhan zeýkeşiniň, suwaryş akabalarynyň, Türkmen kölüne barýan birnäçe akabalaryň üstünden geçýän ýerleri we usullary anyk görkezildi, bar bolan gaz geçelgeleri bilen kesişýän ýerleriň ýerleşişi kesgitlenildi. Pudagyň hünärmenleri Türkmenistan — Hytaý, Döwletabat — Sarahs — Hangeran (Eýran ugry boýunça ikinji gaz geçirijisi), Malaý — Bagtyýarlyk we beýleki gaz geçirijilerini gurmakda ýeterlik iş tejribesini topladylar. Bu tejribe türkmen hünärmenleriniň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen bölegini çekmek, ony abadanlaşdyrmak we gaz ibermek üçin zerur bolan düzümi döretmek boýunça işleri öz möhletinde, ýokary hilli ýerine ýetirip biljekdikleriniň ygtybarly kepilidir. Häzirki wagtda gaz geçirijiniň gurluşygy bellenilen meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Bu halkara gaz geçirijisi we onuň ýerüsti kömekçi ulgamlary 2019-njy ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylar. Bu taslamanyň ykdysady taýdan esaslydygyny ýurdumyzda «mawy ýangyjyň» dünýä ähmiýetli ägirt uly gorlarynyň bardygy hem tassyklaýar. TOPH gaz geçirijisiniň serişdeler binýady ýurdumyzyň günorta-gündogar künjegindäki iri «Galkynyş» gaz käni bolar. Garaşsyz halkara bilermenleriniň baha bermegine görä, «Galkynyş» gaz käninde «mawy ýangyjyň» ägirt uly gorlary bar. Bu bolsa Türkmenistana islendik ugur, şol sanda şu ugur boýunça gazyň uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda soňky ýyllaryň dowamynda ýangyç-energetika serişdeleriniň gazylyp alnyşynyň we öndürilişiniň depgini üzül-kesil artdy. Türkmenistanyň dünýä bazaryna energiýa serişdelerini iberýän döwlet hökmünde ähmiýeti gitdigiçe ýokarlanýar.
Häzirki wagtda «mawy ýangyç» senagat taýdan ösen döwletleriň ählisinde öz täsirini artdyrýar. Biziň ýurdumyzda gazturbinaly elektrik stansiýalary gurmaga uly üns gönükdirilýär. «Türkmenistanyň elektrik energetikasyny 2013 — 2020-nji ýyllarda ösdürmegiň konsepsiýasyna» laýyklykda, gazturbinaly elektrik stansiýalarynyň 14-siniň gurlup, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Gazturbinaly elektrik stansiýalaryny biri-biri bilen utgaşdyrylan dolanyşyga geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu işler meýilnama laýyklykda üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Tebigy gazyň senagatda barha giňden ulanylmagy bilen, dünýäde oňa bolan isleg hem durnukly ýokarlanýar. Bu islegler 2030-njy ýyla çenli iki esse artyp biler. Bu bolsa ählumumy tagallalary halkara energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga barha artýan gyzyklanmalaryň netijeli bolmagyna ugrukdyrmak zerurlygyny derwaýys meselä öwürýär. Energetika meseleleriniň ählumumy häsiýeti energetika ugruny türkmen diplomatiýasynyň binýatlaýyn esaslarynyň hataryna goşdy. Halkara energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge Türkmenistanyň iri energetika serişdelerini iberiji hökmünde gatnaşmagy munuň wajyp ugry boldy. Bu ugurda ýurdumyz Energetika Hartiýasy bilen bilelikde umumy maksatlara gönükdirilen işleri alyp barýar. Biziň ýurdumyz Energetika Hartiýasynyň düýbüni tutujy taraplaryň biridir. Türkmenistanyň bu gurama 2017-nji ýylda başlyklyk etmegi, ilkinji nobatda, dünýä energetikasynyň ösüşiniň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin hil taýdan täze, çekişmeler meýdançasyny emele getirmäge, hormatly Prezidentimiziň öňe süren hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden, onlarça ýurduň awtordaş bolup çykyş eden degişli Kararnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen baglylykda, durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi hökmünde ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirildi.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny we elektrik geçirijileri çekmek boýunça bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi aýratyn ähmiýetlidir. TOPH we ugurdaş taslamalar ýurtlaryň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň, syýasy-ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine ýardam edip, Aşgabadyň, Kabulyň, Yslamabadyň we Deliniň arasynda ygtybarly köprä öwrüler. Günorta Aziýa ýurtlarynda tebigy gaza ýokary isleg bildirilýändigi hem bu taslamanyň ykdysady taýdan esaslydygyna şaýatlyk edýär.
Täze gaz geçirijisiniň gurulmagy bilen, goşmaça iş orunlarynyň 12 müňe golaýynyň döredilmegine garaşylýar. Olaryň agramly böleginiň ýaşlaryň, häzirki döwürde bu ugur boýunça ýörite bilim alýan ýaş hünärmenleriň eýelejekdigi düşnüklidir. TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmeginden geljek peýda ýangyjy iberýän ýurt üçin hem, üstaşyr geçiriji we sarp ediji ýurtlar üçin hem örän uly bolar. Halkara gaz geçirijisi tebigy sebit üçin ykdysady taýdan-da, durmuş meselelerini çözmekde-de bähbitlidir. Taslama, ilkinji nobatda, goňşy Owganystan döwleti üçin durnukly ösüş ugurlaryny kemala getirmekde deňsiz-taýsyz taslama bolup durýar. TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen, Hindistan özüniň ilkinji transmilli gaz geçirijisine eýe bolar. Häzirki wagtda bu ýurt gazy suwuklandyrylan görnüşde satyn alyp, ony tankerler arkaly daşaýar. Bangladeşiň hem bu taslama öz gyzyklanmasyny beýan etmegi taslamanyň uly geljeginiň bardygyny görkezýär. Bu halkara gaz geçirijisi geljekde sebitdäki ýagdaýlara oňyn täsir etmäge, yklymda syýasy we ykdysady aragatnaşyklaryň tutuş ulgamyna goşmaça durnuklylyk bermäge ukyply bolar, durmuş hem-de ynsanperwer meseleleri çözmäge, parahatçylygy pugtalandyrmaga ýardam eder. Sebit ähmiýetli iri başlangyçlary öňe sürýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli tutumlaryna mundan beýläk hem uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.
Döwran AGAJANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.
“Nesil” gazeti,
13.12.2018ý.