Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösmegi eksport gatnaşyklaryny kämilleşdirmegi talap edýär. Döwletimiziň eksport kuwwatyny artdyrmak we daşary söwda dolanyşygynyň deňagramly bolmagyny üpjün etmek häzirki döwrüň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugrudyr. Çünki daşarky bazarlaryň islegleri ýurdumyzda döredilen we döredilýän önümçilik kuwwatlyklaryny doly derejede ulanmagyň, durnukly ykdysady ösüşiň hem-de raýatlaryň iş bilen üpjünçiliginiň esasy şertidir. Häzir Türkmenistan ykdysadyýetde özgertmeleri amala aşyrýar. Bu iş dürli ugurlar boýunça ýerine ýetirilýär. Oňa eýeçilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, täze hojalyk mehanizmlerini ornaşdyrmak, bäsdeşligi ösdürmek, telekeçiligiň ösüşini giňeltmek ýaly ugurlar degişlidir. Şeýle şertlerde daşary ykdysady ulgamyň öňünde anyk wezipeler goýulýar. Bu pudagyň öňünde durýan iň möhüm wezipe Türkmenistanyň bazar gatnaşyklaryna geçmegine ýardam bermekden ybaratdyr. Daşary ykdysady ulgamyň öňünde duran wezipeleriň ýene-de biri, ýurduň dünýä hojalygyna sazlaşykly goşulmagyna ýardam bermekden ybaratdyr. Bu pudak näçe kämil bolsa, ol şonça-da ýurduň dünýä gatnaşyklaryna tiz goşulmagyny üpjün edýär. Has anygrak aýdylanda, daşary ykdysady pudak Türkmenistanyň eksport-import, ylmy-tehniki, dürli önümçilik gatnaşyklarynyň ösüşine, daşary ýurt maýa goýumlarynyň we tehnologiýasynyň çekilmegine oňaýly şertler döretmeli. Türkmenistanyň esasy baýlygy hasaplanylýan tebigy gazy dünýä bazaryna çykarmagy diwersifikasiýalaşdyrmak eksport syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Şeýle zerurlyk diňe Türkmenistan üçin möhüm bolman, ol dünýäniň dürli künjeklerinde ýerleşýän tebigy gazy sarp ediji ýurtlar üçin hem örän derwaýysdyr. Häzir dünýäniň dürli sebitlerinde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek möhüm mesele bolup durýar. Şonuň üçin hem türkmen tebigy gazyny dürli ugurlar boýunça sarp edijilere ýetirmek meselesinde Türkmenistan bilen bir hatarda dünýäniň beýleki ýurtlarynyň hem gyzyklanmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Häzirki wagtda şeýle gyzyklanmany güýçli ösýän ykdysadyýetli ýurtlar diýlip hasaplanylýan Hytaý, Hindistan hem-de Ýewropa Bileleşiginiň döwletleri ýokary derejede beýan etdiler. Şeýlelikde, türkmen tebigy gazyny dünýä bazaryna çykarmagyň köpugurly ýolunyň durmuşa geçirilmegi diňe bir Türkmenistana bähbitli bolman, ol dünýäniň energetika howpsuzlyk meselesini çözmekde hem möhüm ähmiýete eýe bolar. Ýurdumyzyň telekeçileri ýokary hilli önümleri öndürip, bazarlarymyzda we söwda merkezlerimizde azyk önümleriniň hemde beýleki gündelik durmuş harytlarynyň doly üpjün edilmegine ýardam edýärler. Islendik azyk we senagat harytlarynyň bolelin üpjün edilmegi üçin ýurdumyz birnäçe işleri alyp baryp, täzeden-täze harytlary öndürýärler. Azyk önümleriniň dürli görnüşleriniň ýurdumyzda öndürilmegi hemde diňe bir döwletimizde sarp edilmegi bilen çäklenmän, daşary döwletlere hem eksport etmegiň möçberi artdyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine öz goşandyny goşýar. Döwletimiz telekeçilere goldaw bermek bilen bir hatarda, ykdysady taýdan kuwwatly hususy kärhanalaryň artmagyna ýardam edýär. Bu kärhanalar häzir ýurdumyzyň sarp ediş bazarynda senagat we azyk harytlarynyň bolçulygyny üpjün etmäge uly goşant goşýarlar. Orta we kiçi işewürligi höweslendirmek hem-de goldamak ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine we Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady giňişligine çalt goşulyşmagyna ýardam edýär. Islendik ýurtda alnyp barylýan import syýasatynyň milli ykdysadyýeti ilerletmekde we ilatyň isleglerini kanagatlandyrmakda juda uly ähmiýeti bar. Türkmenistanyň eksport kuwwatynyň güýçli bolmagy bilen bir hatarda, onuň daşary ýurtlarda öndürilýän dürli häsiýetli harytlara bolan import zerurlygy hem bardyr. Ýurdumyzyň halk hojalygyna zerur bolan maşynlar, enjamlar, metallurgiýa senagatynyň önümleri, ulag serişdeleri, radio-teleapparaturalar we ýene-de köp sanly harytlar daşary ýurtlardan getirilýär. Olaryň öz wagtynda getirilmeginiň we şol harytlara bolan islegleriň has doly kanagatlandyrylmagynyň milli ykdysadyýetiň yzygiderli ösüşini üpjün etmekde örän uly ähmiýeti bardyr. Döwletimiziň daşary söwdasynda importyň göwrümi hem yzygiderli artýar. Importlyk harytlaryň düzüminde ilatyň sarp ediş harytlarynyň paýy yzygiderli kemelýär, önümçilik-tehniki häsiýetli harytlaryň paýy bolsa durnukly artýar. Beýle ýagdaý, bir tarapdan, içerki bazaryň taýýar azyk önümlerine bolan isleginiň, esasan, ýerli harytlaryň öndürilmeginiň hasabyna üpjün edilýändigi, beýleki tarapdan bolsa, ýurdumyzda uly ykdysady özgerişlikleriň amala aşyrylýandygy, önümçilik-tehniki häsiýetli harytlara bolan islegiň durnukly artýandygy bilen düşündirilýär. Bu topara degişli harytlaryň köp möçberde getirilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gaýtadan işleýän pudaklaryň kärhanalarynyň bina edilmeginiň giň gerim bilen alnyp barylýandygynda öz beýanyny tapýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň artmagy ugrunda taýsyz tagallalary amala aşyrýar. Döwlet Maksatnamalarynyň durmuşa ornaşdyrylyşyna ençeme mümkinçilikleri döredip berýär. Şeýle ajaýyp şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! Watanymyzy gülledip ösdürmek ugrunda alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Myrat TÄÇMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
“Nesil” gazeti,
15.12.2018ý.