15-nji dekabrda merjen şäherimiz Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda asylly däbe öwrülen belent başly Täze ýyl arçasynyň yşyklary ýakyldy. «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky giň meýdançada oturdylan iň belent arçanyň daş-töweregine ýygnanan müňlerçe körpeler, dürli ýaşdaky türkmenistanlylar hem-de ýurdumyza gelen jahankeşdelerdir myhmanlar bu ajaýyp wakanyň şaýady boldular. Gyş pasly agzybirligiň hem-de jebisligiň nyşany bolan Täze ýyl baýramçylygynyň golaýlaşýandygynyň buşlukçysydyr. Täze ýyl baýramy ýakynlaşdygysaýy adamlaryň, hususan-da, körpeleriň ýüzlerini şatlyk-şowhun gurşap alýar. Paýtagtymyzyň seýilgählerindäki, köçeleriň ýakasynda gök öwsüp oturan arçalaryň dürli yşyklar bilen bezelmegi ýurdumyza gelen myhmanlarda hemde ildeşlerimizde ýakymly täsir galdyrýar. Başyny göge diräp oturan belent ýaşaýyş jaýlaryň, saglyk, medeni, ylym-bilim ojaklarynyň, sport toplumlaryň, şeýle-de edara-kärhanalaryň öňlerindäki dürli jäjekler, zerler we älemgoşara çalymdaş reňklerinde şöhle saçýan yşyklar bilen bezelen arçalaryň ajaýyp keşbi, aýratyn-da, agşamlaryna paýtagtymyzyň täsin baýramçylyk öwüşgini halkymyzyň göwünlerini ganatlandyrýar. Şenbe güni «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň giň meýdançasynda dürli bezegler bilen bezelen ýurdumyzyň baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy uly ruhubelentlige göterilip, dabara gatnaşanlarda özboluşly täsir galdyrdy. Aýazbabadyr Garpamyk şeýle hem, türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň bu dabarada bolmagy gatnaşyjylary, hususan-da, çagalaryň şatlygynaşatlyk goşup, baýramçylyk şowhunyny artdyrdy. Zehinli aýdymçylaryň ajaýyp zamanamyzy, Täze ýyl baýramyny wasp edýän aýdymlary, tansçylaryň milli tanslarymyzy ýerine ýetirmekleri halkymyzyň şahandazlygyny äşgär etdi. Bagtyýar çagalar Aýazbaba we Garpamyk bilen baş arçanyň daşyndan el tutuşyp, aýlandylar. Täze ýyla bagyşlanan goşgulary we aýdymlary ýerine ýetirip, baýramçylyk sowgadyna mynasyp boldular. Özleriniň arzyly sowgatlaryny Aýazbabadan alan körpeleriň bagtyýarlygyny gözlerinden aňmak bolýar. Garaşylýan pursat gelip ýetende, Aýazbaba jadyly taýajygyny yşarat edende ýurdumyzyň baş arçasynyň yşyklary lowurdap ýandy. Merjen şäherimiziň nurly gijeleri bilen sazlaşyp, täsin bir gözelligi emele getirdi. Şol bir wagtyň özünde Diýarymyzyň ähli ýerlerinde, welaýatlarymyzdyr oba-şäherlerimizdäki merkezi meýdançalarynda bezelen Täze ýyl arçalarynyň ählisinde hem çyralar ýalkym saçdy. Bu ajaýyp baýramçylyk adamlaryň dostlugyny, jebisligini berkidýän baýram. Çünki Täze ýyl baýramy ýakynlaşdygysaýy adamlar özleriniň ýakyn dogan-garyndaşlaryny, dost-ýarlaryny hem-de ýakynlaryny sowgat-salamlar bilen gutlap, birek-birege süýjüden-süýji arzuwlar edýärler. Milli tagamlar taýýarlanyp, türkmen topragynda bitýän gök-önümlerdir ir-iýmişleri hem-de naz-nygmatlar bilen bezelen baýramçylyk desterhany giňden ýazylýar. Ynha, şunuň ýaly, bereketli saçagyň başyna mähribanlaryňy, dost-ýarlaryňy bir supranyň başyna jemlemek Täze ýyl baýramynyň ynsana eçilýän iň lezzetli miwesidir. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda mähriban Diýarymyzyň bir-birinden zyýada gelýän ýyllarynyň ählisinde halkymyzyň parahat, asuda, abadan ýaşamaklary üçin asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Täze ýyl hem türkmen ilimiziň agzybir ojaklarynda çaga gülküleriniň ýaňlanýan, üstünliklere atarýan, rysgal-bereketli, şowly ýyllarynyň biri bolsun!
Çaryguly HANJAÝEW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.
“Nesil” gazeti,
18.12.2018ý.