KÄMILLIGIŇ MEDENI OJAGY

«Gülpam» dessanyny okan ýa-da diňlän bolsaňyz, şeýle bir waka bolmaly: Baýkara ogly Soltansöýüne wesýet edip, bir kitap ýazýar. Ömrüniň ahyrky pursatlarynda ogluna açar berýär-de: «Bu meniň genji-hazynamyň açarydyr. Şundan başga açar hazynany açmaz» diýýär. Soltansöýün: «Gyzyldan-kümüşden dolumyka?!» diýip, hazynany açyp görse, ol ýerden birtopar kitap, atasynyň ýazan wesýetleri çykýar. Kitaplar oňa ýol görkeziji bolýar, şonuň üsti bilen Edleti, Myralyny, Gülpamy tapýar.

Ynha, kitabyň gymmatynyň çeper edebiýatdaky durmuşy teswiri.

Häzirki wagtda hem ilatyň aň-bilim, medeni derejesini ýokarlandyrmakda kitaphanalara möhüm orun degişlidir. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzda döwlet hem-de jemgyýetçilik kitaphanalarynyň 230 sanysy hereket edýär. Olarda okyjylaryň dürli neşir önümleri bilen tanyşmagy, işlemegi üçin şertler döredilýär. Biz hem Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda bolup, bu ýerde işleriň guralyşy, okyjylara hyzmat edilişi bilen tanyşdyk.

Ünsümizi çeken zat hyzmat ediş bölüminiň okalga zalynda ilkinji gezek bu ýere gelen okyjylar boldy. Kitaphananyň işgäri ýaş okyjylara bu bölümden dürli ýyllarda çap edilen döwürleýin we beýleki neşirleri almagyň, peýdalanmagyň düzgünlerini düşündirdi. Okyjylaryň tanyşlygy tamamlanandan soň, kitaphanaçy zenana işleriň guralyşy bilen has giňişleýin tanyşmak isleýändigimi aýtdym. Hyzmat ediş bölüminiň döwürleýin neşirler bölümçesiniň 1-nji derejeli kitaphanaçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Oguljemal Orazdurdyýewa bilen gürrüňimiz şeýle başlandy:

— Hormatly Prezidentimiziň Döwlet kitaphanamyza gelmegi, hepdäniň bir gününi «Kitaphana güni» diýip yglan etmek hakyndaky teklibi ählimizi juda begendirdi. Döredilýän şertler biz — kitaphana işgärlerini has-da hyjuwly işlemäge ruhlandyrýar. Hyzmat ediş bölümi barada aýdanymyzda, bu bölüm okyjylarymyza neşirleri okamaga bermek, sorag-jogap alyşmak, köpçülikleýin çärelerini guramaga gatnaşmak ýaly ençeme işleri alyp barýar. Bölüme degişlilikde birnäçe bölümçeler hereket edýär. Okyjylaryň gerekli maglumatlaryny gysga wagtda tapyp, peýdalanyp bilmekleri üçin hyzmatlary hödürleýäris.

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda kitaphanalaryň döreýiş taryhy XIX asyryň ahyryna degişli. Has takygy, şol wagtky Zakaspiý oblast jemgyýetçilik kitaphanasy diýlip atlandyrylan häzirki Döwlet kitaphanasy Aşgabatda 1895nji ýylyň 1-nji awgustynda işläp başlapdyr. Ilkibada onuň hazynasynda 3 müň kitap bar eken. Häzirki wagtda bolsa bu ýerde dürli neşir birlikleriniň millionlarçasy saklanýar. Okamak üçin ähli şertler bolan okyjylar zalynda özboluşly täsin ümsümlige maýyl bolýarsyň. Sergide okyjylara «bakyp» duran döwrüň talabyna laýyk neşir edilen kitaplara, rejeli goýlan gazet-žurnallara gözüň düşenden olar bilen tanyşmak höwesi döreýär. Şolaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň şu ýyl neşir edilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň X tomy, «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitabyň XI tomy ünsüňi aýratyn özüne çekýär. Bu gymmatly kitaplar Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary hilli neşir edilipdir.

Okyjylar köpçüliginiň kitaphana bilen ýakyndan aragatnaşyk saklamagyny üpjün etmek boýunça alyp barýan işleri dogrusynda soranymyzda:

— Yzygiderli kitap sergilerini guraýarys, baýramçylyk dabaralaryny, edebiýat hem döredijilik agşamlaryny geçirýäris. Her ýylda guraýan bäsleşigimiziň netijeleri boýunça kitaphanadaky maglumatlardan iň köp netijeli peýdalananlary sylaglaýarys. Begendirýän zat bolsa, şolaryň aglabasynyň ýaşlar bolmagy — diýip, Oguljemal Orazdurdyýewa gürrüňi dowam etdi.

Jemgyýetimizde elektron neşirlere, internet ulgamyna aýratyn üns berilýär. Bu ýerde hem ähli katalog gözleg işleri elektron ulgama geçirilipdir. Islendik gözleýän edebiýatyňy ýörite kompýuterde wagt ýitirmezden tapmak mümkin. Bu ýerde kitaplary elektronlaşdyrmaga, bitewi elektron kitaphana ulgamyny döretmäge hem aýratyn üns berilýär, işler üstünlikli alnyp barylýar.

Birbada 1100 okyja niýetlenen kitaphanada 17 bölüm hereket edýär. Her bölümiň ýerine ýetirmeli wezipesi anyk kesgitlenip, işler okyjylara ýokary derejede hyzmat etmeklige, täzelikleri tanyşdyryp durmaklyga, neşir birliklerini aýawly saklamaklyga, peýdalanmaklyga gönükdirilipdir. Ýeri gelende bellesek, 1956-njy ýylda döredilen daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminden 50-ä golaý dildäki dürli neşirleri tapmak, 1984-nji ýylda kitap saklanýan bölümiň esasynda döredilen seýrek neşirler bölüminde jemlenen 55 müňe golaý kitaplardan, döwürleýin neşirlerden, dissertasiýalardan peýdalanmak mümkinçiligi bar. Mundan başga-da, 1969-njy ýyldan bäri özbaşdak bölüm hökmünde hereket edýän sungat bölüminiň dürli ýyllarda tanymal artistler, režissýorlar, kompozitorlar hakynda çykaran usuly gollanmalarynyň tapgyryny, bu işiň häzir hem dowam edýändigini bellemelidiris. Kitaphananyň hazynasyndaky bejerilmäge degişli neşirler üçin tehniki gözegçilik bölüminiň çäginde 2008-nji ýyldan bäri bejeriji bölümçe işläp, neşirleri bejermekde, abat saklamakda birnäçe möhüm çäreleri durmuşa geçirýär.

Daşyndan göräýeniňde, kitaphanaçylyk işi ýeňil ýaly görünse-de, onuň hem özüne ýetik hysyrdysy, gyzygy bar eken. Muňa bibliografiýa bölüminiň esasy kitaphanaçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Akjemal Saparowa bilen gürrüňdeş bolanymyzda göz ýetirdik.

— Bibliografiýa bölümimiz ýurdumyzyň ylmy-kömekçi hem hödürnamalaýyn bibliografiýasy babatynda usuly, ugrukdyryjy merkezdir. Bölümde jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakalaryna, ylma, medeniýete, taryha, ykdysadyýete, sungata hem beýleki ugurlara bagyşlanan gollanmalary türkmen, rus dillerinde taýýarlaýarys. Aýdaly, bir ýazyjynyň doglan gününe bagyşlap bibliografik görkezijisini düzmeli. Şonda ilki bilen ýazyja degişli ähli katalogy toplaýarys. Ondan başga-da onuň maşgalasy, nesilleri bilen duşuşýarys, bolup biläýjek maglumatlary yzarlaýarys. Şeýdip, ýazyjynyň döredijiliginiň «ýörjen-ýörjenlik» döwründen tä häzirki güne çenli döreden eserleriniň (döwürleýin neşirlerdäki çykyşlarynyň, kitaplarynyň), ol hakynda ýazylan makalalaryň, täze toplanan maglumatlaryň toplumyny bölümlere bölüp, taryhy yzygiderlilikde bibliografik görkezijide ýerleşdirýäris. Ondan peýdalanýana amatly bolar ýaly, hökmany ýagdaýda at görkezijisini hem berýäris. Şonuň esasynda degişli bölümler bilen bilelikde şol ýazyja bagyşlap dabaraly çäre hem guraýarys. Bu bolsa kitaphana bilen okyjylaryň arasyndaky gatnaşygy ýygjamlaşdyrmakda örän ähmiýetlidir — diýip, ol gürrüň berdi.

Kitaphana bilen tanyşlygymyzyň dowamynda hyzmat edilişi bilen bagly okyjylaryň käbirine ýüz tutduk. Olar gerekli edebiýatlary wagt ýitirmän tapyp bolýandygyny, bu ýeriň okamaga amatlydygyny bellediler. Kämilligiň medeni ojagynda işleriň döwrüň talabyna laýyk ýola goýluşyny, neşirleriň aýawly saklanylyşyny, okyjylara ýokary hilli hyzmat edilişini, olar bilen ýakyn aragatnaşyk saklanylyşyny görüp, hamana, özüňi Soltansöýüne miras galan «hazynada» ýaly duýýarsyň. Gurbannazar Ezizowyň: «Kitaphanalara gatnaň ýadaman, agras, kämil bory üçin pikiriň» diýen setirlerini ýatlaýarsyň.

Kakajan ÇARYÝAROW,

“Nesil” gazeti,

20.12.2018ý.

Meňzeş habarlar