Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň we halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, döwletimiziň ykdysady garaşsyzlygynyň we azyk howpsuzlygynyň döredilmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň esasy netijeleriniň biridir.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň halk hojalygynyň, şol sanda oba hojalygynyň bazar ykdysadyýetine geçýän döwründe azyk bolçulygyny üpjün etmek ugrunda önümçiligiň netijeliligi günsaýyn ýokarlanýar. Bu ugurda döwlet Baştutanymyz tarapyndan kabul edilen daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýola goýmak we eksporta iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalaryna hem aýratyn orun degişlidir. Agzalan Maksatnamalaryň çäklerinde 110 dan gowrak taslamany, şol sanda oba hojalygynda hem-de azyk senagatynda taslamalary amala aşyrmak bellenilen.
Azyk senagaty kärhanalary ýurduň azyk howpsuzlygyny gazanmakda uly ähmiýete eýe bolup, olar tarapyndan öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän süýt önümleriniň, mesge we ösümlik ýaglarynyň, süýji-köke we makaron önümleriniň, miwe we gök önümleriniň öndürilişinde oňyn ösüş depginleri gazanylýar. Watanymyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmekde hususy ulgamyň goşýan mynasyp goşandy hem bellärliklidir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen telekeçilere, hususyýetçilere, şol sanda oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwletimiz tarapyndan hemaýat, goldawyň berilmegi önüm öndürijileriň sanyny barha artdyrýar. Türkmen hususy işewürleriniň güýji bilen ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligi ýola goýuldy. Bu gün ak bazarlarymyzy we mukaddes saçaklarymyzy bereketli türkmen topragynda öndürilýän ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümler bezeýär.
Bagtyýar zamanamyzda azyk bolçulygyny döretmegiň esasy çeşmesi hasaplanýan oba hojalyk toplumyny ylmy esasda hemmetaraplaýyn we düýpli özgertmeklik, önümleriň öndürilişini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak, bu pudagyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça işler üstünlikli amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan kesgitlenilen ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, önümçilik, guşçulyk, et we süýt önümçiligini, azyk we beýleki pudaklaryny depginli ösdürmek ýaly wezipeler öňde goýuldy. Şonuň netijesinde obasenagat toplumynda döwletimiziň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny artdyrmaga, ilatyň azyk harytlaryna bolan islegini kanagatlandyrmaga gönükdirilip amala aşyrylýan özgertmelere täze badalga berildi. Bu ugurda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap ýyladyşhanalar, sowadyjy ammarlar, maldarçylyk we guşçulyk toplumlary gurulýar, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň işi ýola goýulýar.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň sentýabr aýynda bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisindäki maksatnamalaýyn çykyşynda oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri çaltlandyrmagyň zerurdygyna aýratyn ähmiýet berdi. Netijede, Halk Maslahatynyň «Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakyndaky» Karary kabul edildi. Bu resminamanyň esasyny oba zähmetkeşlerini bereketli hasyly almaga höweslendirmek, daýhan hojalyklary hem-de oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar tarapyndan ilatyň gök önümlere hem-de miwelere bolan isleglerini kanagatlandyrmak, maldarçylyk pudagyny kämilleşdirmek ýaly möhüm wezipeleri düzdi.
Şu günler Berkarar Watanymyzda ýetip gelýän Täze ýyl baýramyny şatlyk-şowhun bilen garşylamaga taýýarlyk görýän bagtyýar halkymyz özleriniň toý saçagyny giňden ýazyp, onuň üstüni türkmen topragynda kemala gelen naz-ygmatlar bilen bezeýärler. Durmuş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy, ilatyň girdejileriniň yzygiderli ýokarlanmagy, müňlerçe täze iş orunlarynyň döredilmegi netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri düýpli gowulandyrylýar. Aşgabatda hem-de welaýatlarda gurlan köp sanly häzirki zaman söwda merkezleri, köpugurly bazarlar, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary ilatymyzyň hem-de myhmanlaryň ýokary hilli harytlara bolan talaplaryny doly kanagatlandyrýar.
Binýady berkden tutulan kuwwatly döwletimiziň milli ykdysadyýetini pugtalandyrmakda, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde we tutuşlygyna ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda ägirt uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun. Ýetip gelýän Täze ýylda il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!
Allanur KADYROW, «Nesil».
“Nesil” gazeti,
22.12.2018ý.