Ýurduň daşary syýasaty döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. 20-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz diplomatik düzümiň wekilleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem esasy üns merkezinde goýlan mesele döwletimiziň daşary syýasatynda edilen işler we geljekde edilmeli işleri dogrusynda boldy. Şeýle-de mejlisde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň içeri syýasatynyň möhüm meselelerine seredildi. Türkmenistanyň daşary syýasatynda dünýä döwletleri bilen dostlukly, dürli ulgamlar boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk saklamak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Gazagystanyň Aktau şäherinde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň ýokary derejede geçirilen duşuşygynda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilmegini ilkinji nobatda belläp bileris. Mejlisde aýdylyşy ýaly, bu resminama gol çekilmegi Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk etmegiň täze tapgyryna öwrüldi. Ykdysadyýetde, söwdada, ulag we tebigaty goramak ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açdy. Sebitde Aral meselesini çözmek hem örän möhüm ugur bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk eden iki ýylynyň dowamynda bu düzümiň işini ep-esli güýçlendirmegi, oňa zerur bolan takyklygy bermegi başarandygyny aýtdy. Şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda» Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy hem kabul edildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň häzirki sessiýasynyň dowamynda Türkmenistan 2019-njy ýyly «Parahatçylyk we Abadançylyk» şygary bilen geçirmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. «Bu teklibi öňe sürmek bilen, biz dartgynly ýagdaýlary gowşatmagy, jedelleriň we gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy diplomatik usullar bilen çözülmegini maksat edindik. Şeýlelikde, jogapkärli we oýlanyşykly çözgütleri kabul etmäge gönükdirilen anyk çäreleri işläp taýýarlamagy göz öňünde tutduk» diýip hormatly Prezidentimiz belledi. Şu ýyl Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutymyzyň döredilenine on ýyl boldy. Häzirki wagtda ýaş diplomatlary taýýarlaýan ýokary okuw mekdebimizde dört fakultetde okuwlar alnyp barylýar, iki sany merkez işleýär. Bu babatda milli Liderimiz institutyň işiniň ylmy-barlag ugruny güýçlendirmegiň göz öňünde tutulýandygyny belläp, syýasaty öwrenişe, häzirki döwürde dünýä syýasatynda we ykdysadyýetinde bolup geçýän ýagdaýlary hem-de meýilleri öwrenmäge aýratyn ünsüň beriljekdigini aýtdy. Şeýle hem bu institutyň tejribe geçmek bilen bagly işini güýçlendirmek, mugallymlaryny we talyplaryny beýleki döwletleriň ýokary diplomatik okuw mekdeplerine tanyşdyryş saparlaryna ýygy-ýygydan ibermek hem zerur bolup durýandygyny belledi. Daşary işler ministrliginde täze düzüm birligini — Daşary ykdysady hyzmatdaşlyk bölümini döretmek barada çözgüdiň kabul edilmegi halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetimiziň mugallymlarynyň öz ugruna bolan jogapkärçiligini artdyrdy. Iri halkara taslamalary öwrenmek we durmuşa geçirmek boýunça teklipleri taýýarlamak hem-de dürli ýurtlar bilen ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň işine gözegçilik etmek hem-de utgaşdyrmak bu bölümiň esasy wezipesine girer. Döwlet Baştutanymyz bu işi yzygiderli ýola goýmagyň, oňa hemişelik we bellibir maksada gönükdirmek häsiýetini bermegiň zerurdygyny, şunuň bilen birlikde, Daşary işler ministrliginiň arhiw gullugynyň mümkinçiligini berkitmegiň hem möhümdigini belledi. Indiden beýläk Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň ol ýa-da beýleki meseleleri boýunça zerur resminamalary döwlet edaralarynyň ýüztutmalary esasynda berýän gulluk — diplomatik gullugyň arhiw bölümi hereket eder. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işiniň aýratyn ähmiýetini belläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikdäki abraýynyň hem-de mertebesiniň, ýurdumyzyň howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň, ykdysady ösüşiniň, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň derejesiniň köplenç bu işiň netijeli bolmagyna baglydygyny aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýene bir buýsandyryjy habar öz beýanyny tapdy. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, gazanylan üstünlikleri, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, dünýäniň döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, dostlukly hyzmatdaş gatnaşyklaryny ösdürmek, ýaş nesli Watanymyza bolan çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek, amala aşyrylýan taryhy işleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, şeýle hem ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň we raýatlarymyzyň 2019-njy ýyly «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýip atlandyrmak baradaky teklibini hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi. Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň öňe süren teklibini makullap, geljek 2019-njy ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygarynyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň maksatnamasyny parahatçylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe gitmegini alamatlandyrýandygyny buýsanç bilen belledi. Gahryman Arkadagymyzyň: «Bu şygar Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlary, amala aşyrylýan milli we halkara taslamalar bilen utgaşýar» diýip jaýdar bellemegi halkymyzyň arasynda gyzgyn goldaw tapdy. Bu döwletli mejlisde Watanymyzyň ösüşlere beslenýän röwşen menzilleriniň Täze ýylyň ady ýaly rowaçlygyň ýyly boljaklygyndan habar berýär.
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
25.12.2018ý.