ÝYLLARYMYZ ÜSTÜNLIKLERE BESLENÝÄR

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyz 2018-nji ýyly uly üstünlikler bilen jemleýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde medeni, sport baýramçylyklary, halkara derejesindäki möhüm wakalar taryhyň buýsançly sahypasyna türkmen halkynyň ýeten belentlikleriniň beýany bolup, altyn harplar bilen ýazyldy.

Ýurdumyzyň her bir pudagynda gazanylan üstünlikler döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyryp, syýasy abraýyny nusgalyk derejä göterdi. Goňşy we uzakdaky döwletler bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň çäklerinde geçirilen gepleşikler, forumlar, medeni çäreler Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzünde parahatçylygy gorap saklamakda, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürmekde hemişelik Bitaraplyk hukugyna ygrarlydygyny halkara möçberinde subut etdi.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ugurlary boýunça gazanylýan ykdysady ösüşler ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki abraýyny barha belende galdyrýar. Ähli ulgamlaryň sazlaşykly ösüşini gazanmak maksady bilen, ýurduň ylmy kuwwatyny artdyrmaga ünsüň güýçlenmegi döwletimiziň dünýä bazaryndaky ornuny giňeltmäge mümkinçiligi ösdürýär. Ýangyç-energetika senagatynyň ösüş depginleri batlanýar. Ulag ulgamynda-da dünýäniň geo giňişligine çykmaga mümkinçilikler açylýar. Oba hojalyk ulgamyny ösdürmek maksady bilen, daýhanlara döwlet tarapyndan yzygiderli kömek-goldawyň berlip durulmagy bu pudagyň girdejili bolmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Daýhanlardyr mülkdarlar bilen öndürilen önümleri üçin nagt hasaplaşygyň wagtynda geçirilmegi oba hojalygyny ösdürmegiň döwrebap usuly bolup durýar. Edermen daýhanlarymyzyň yhlasly, halal zähmeti bilen bazarlarymyz dürli azyk önümleri bilen doly üpjün edilýär. Oba hojalyk önümleri, ir-iýmişler baýramçylyk saçagymyzy bezeýär. Şeýle üstünlikler bilen ruhlanan türkmen halky Täze 2019-njy ýyly garşylaýar.

Agzybir türkmen ilimiz toý saçagyny giňden ýazýar. Dürli tagamlar, şerbetli içgiler, işdäaçarlar bilen bezelen Täze ýyl baýramçylygynyň saçagy rysgal-berekediň, agzybirligiň, parahatçylygyň şaýady bolup, il-günümiziň eşretli durmuşynyň ertirlere uzaýandygyna ynamy artdyrýar. Täze 2019-njy ýylyňyz gutly bolsun! Ýyllarymyz üstünliklere beslensin, ýurdumyz parahat, ilimiz abadan bolsun!

Gülşirin MUHYÝEWA,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat

institutynyň kiçi ylmy işgäri.

“Nesil” gazeti,

27.12.2018ý.

Meňzeş habarlar