Adam hemişe arzuwly ýaşaýar. Arzuw gursagymyzda mekan tutunyp, bizi daş-töwerege ynamly bakdyrýar. Arzuw ýürek tarlaryna kakyp, barlyk aýdymyna hiňlendirýär. Arzuw ertekiler bilen gol tutuşyp, «Aýterek-günterek» oýnaýar.
Täze ýyl baýramynda bu täsin tymsal bize akja gar tozgasy bilen asmandan şuwlap inýär. Ol eziz topragymyza däl, göni ynsan kalbynyň törüne gadam goýýar. Onda kyrk gat ýazylan ynanjaňlyk köňülleriňe ornaýar-da, ertekiler kitabynyň sahabyny açýar. Ak gardan ýasalan ýaly ak sakgaly döşüni ýapyp duran peşeneli ýaşuly kümüş hasasyny ýere urar welin, al-asmanda ýyldyzlar lowurdap ýanar. Hasasyny beýleki eline geçirip ýene bir gezek urar — Arş jaňlary kakylyp, ýere ýyldyz tozgasyny durman sepelär. Üçünji gezek hasasyny uranda, asmandan bulutlary böwsüp, Aý şuglaly ak paýtun ýere iner. Toýnagyndan çar ýana buzly uçgunlar syçrap duran jadyly atlar hyjuwdan ýaňa jylawyny çeýnäp, toýnagyny kakyp dur. Kümüş paýtunda oturan Aýazbabadyr Garpamyk nurana ýylgyryp, seni täsin syýahata çagyrýar.
Bu jadydan kalbyň joşar. Haýran galyp durşuňa uludan demiňi alarsyň-da, tämiz aýazly howany gursagyňa sorarsyň. Şo pursat göwünlere ganat biter. Aýazly ýelleri mekan tutunan atlar jylawyny dartyp, tüweleýler bilen Arşa göteriler-de, ertekilere dolanan mähriban ülkä aýlanar. Ertekilere gaýra dur diýdirýän eziz toprak, mähriban Watan! Täze ýyl öwüşgininde sen nähili ajap, nähili owadan!
Şobarmana Aýazbabanyň jadylar horjunynyň agzy bir ýana serpiler. Onuň içinde körpeleriň Täze ýyl arzuwlarynyň barysy jemlenipdir. Ertekiler äleminiň täsin ýaşaýjylary daşyňda şüweleň gurap pyrlanar. Aýazly ýelleriň gülgün tolkunynda ýanyňa ýüzüp gelen altyn balyjagy diýsene! Ol tylla guýrugyny bir aýlanda, gözüň öňünde täsin görnüşler janlanýar. Ho-ol beýlede, ak garly sähralar göm-gök deňiz tolkunlary bilen tapyşýan ýerde belent binalar görünýär-le. O-la salgym däl, men muny magat bilýän. Ol bagtyýarlyk döwrümiziň buýsanç buşlukçysy — görkana Awazanyň ak kepderi ýaly ak binalary bolmaly.
Gör-ä, Awazanyň gözelligi ylhamly tarypa jüp sazlaşyp dur. Awaza derýasynyň merjen kenaryny etekläp oturan gatbar-gat myhmanhanalaryň penjirelerinden güler ýüzli bagtyýar adamlar göründi. Aýazbaba hemmelerden köp garaşan naşyja körpeler begenip el çarpyşyp, şadyýan bökjekleşdiler. Aýazbabanyň jadyly torbasynda hemmelere sowgat bar. Garpamyk eliniň aýasynda öwüsýän ak gar tozgalary bilen hemmelere buşlukly habary ýollady — garşy alyň, mähribanlar, täze ýyl gelýär!
Asmandan inen ak paýtunlaryň bady barha artdy. Arzyly myhmanlaryň jadyly uçuşy iň täze nusgada gurlan deňiz portunyň üstünden geçdi. Onuň döwrebap desgalarynda döredijilikli zähmet gije-gündiz gaýnap joşýar. Mähriban ilimize dünýäniň çar künjünden gelýän gämi kerwenleriniň yzy üzülenok. Olar dostlukly halklaryň gülläp ösüşlere bolan synmaz erkiniň çaparlary bolup, türkmen myhmansöýerliginiň mähre baý gujagyna dolýarlar.
Deňziň gök çüýşe ýaly dup-dury suwuna degeýin-degeýin diýip barşyna, ak çarlaklary ozup geçýär. Kümüş şuglanyň nuruna deňziň düýbündäki täsin jandarlar ap-aýdyň görünýär. Eliňi uzadyp, kenardaky balykgulagy alarsyň-da onuň pynhan hekaýatyny diňlärsiň. Ol näme diýýär — täze ýyl döwletli törleriňem, arzuwçyl ýürekleriňem altyn gapysyny kakyp dur!
Jadyly atlar badyny gowşadarly däl. Gözüňi açyp-ýumasy salymda üç ýüz altmyş pirli Daşoguz iline, joşgunly Jeýhunyň arnap tokaýly jülgelerine, gadymy Mary topragynyň uç-gyraksyz ak sähralaryna, keremli Ahal iliniň bagy-bossanlyklaryna aýlanyp çykdylar. Mähriban Watanymyzyň her bir künjegini gülläp ösüşler gurşap alypdyr. Gurmak, döretmek ýoluny saýlap alan ildeşlerimiz eziz topragymyza watançylyk yhlasynyň biçak owadan keşdesini çekýär.
Ak paýtunyň bady eger-eger haýallarly däl. Ol Watanymyzyň gürsüldäp urup duran ýüregine — nurana görmekli Aşgabada ýol saldy. Paýtagtymyzyň belent başly nyşanlary — Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Konstitusiýa binalary, ak mermerli köşkler, belentlikde parlap duran Döwlet baýdagy altyn şuglaly Täze ýyl ertekisiniň çakylykçylaryny tükenmez mähir-muhabbet bilen garşy aldylar.
Ak paýtagtyň gözel keşbini bu günler görmäge göz, waspyny ýetirmäge sözleriň çemeni lazym. Oklaw ýaly giň köçeleri, şäheriň her bir binasy, döredijilik ylhamyna beslenen seýilgähleri Täze ýyl bezegine beslenipdir. Köçeleriň ugrunda, paýtagtyň iň gelim-gidimli ýerlerindäki derek boýly gök arçalar synasynda altyn almalary, elwan şarlary, ap-ak gar tozgajyklaryny, tylla monjuklary, jadyly şemleri jemläpdir. Asyl, jümle-jahan Täze ýyl jadysyna berlip durana meňzeýär.
Täze ýyl ýetip gelýär!
Ynha-da, arzyly pursatlar ýetip geldi. Aýazbabanyň kümüş hasasynyň emrine maýyl bolan zerden zerbaply ak paýtun merkezi şäherimiziň iň owadan künjekleriniň birinde — «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki bezemen meýdançada sägindi. Bu ýerde körpeje balalaryň müňlerçesi toý şatlygynda jem bolupdyr. Bagtyýarlyk döwrümiziň buýsanjy, halkymyzyň geljegi, gözlerimiziň guwanjy bolan eziz balalar altyn paýtundan düşüp ýanlaryna baran Aýazbabadyr Garpamygy uly şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Şadyýan erteki gahrymanlary çagalar bilen el tutuşyp, bezelen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlandylar, aýdym aýtdylar, tans etdiler. Jadyly ak tozgada aýlanýan bu şüweleň hemmeleriň göwnüni göterip, kalba tükenmez şatlyk hem bagtyýarlyk duýgusyny bagyşlady.
Ýöne bagtyýar körpejeleriň dabaranyň iň jadyly pursadyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklaryny duýmak bolýar. Aýazbaba bilen Garpamyk muňa sözsüz düşündiler. Aýazbaba naşyja balalaryň ýürek arzuwyny eşiden ýaly, belent başly «tokaý gözeliniň» daşyndan üç gezek aýlanyp: «Bir, iki üç — arçamyz, ýalkym saç!» diýip gaýtalady. Eziz balajyklar bu sada sanawaja joşajoşa goşulyşdylar.
Olaryň şadyýan sesine Täze ýyl arçasynyň synasyna jadyly bir güýç ornady. Başy asman bilen bäsleşýän «tokaý gözeliniň» tutuş synasy jadyly öwüşgine beslendi. Her çylgymynda müňläp ertekiler ornan şahalarda altyn şarlar, gülgün oýnawaçlar, jadyly uçgunlar lowlap ýanýar. Eziz balalaryň şatlygy bu şüweleňe goşulyp, eziz Watanymyzyň çar künjüne aýlandy. Onuň demi ýeten ýerinde-de Täze ýyl arçalarynda jadyly yşyklar lowurdap ýandy.
Erteki gahrymanlary Aýazbabanyň şatlyk çaparlary bolup, ata mekanymyzyň şäherdir oba-kendine, her bir öýe, döwletli törlere aýlanyp, Täze ýyl sowgatlaryny paýlap ýör.
Ynanaňyzokmy? Onda laýyk ýarygije Täze ýyl arçasyny hiç kime bildirmänjik synlap göräýiň! Görersiňiz, olar biziň ýanjagazymyzdadyr. Ynha, Galkan Batyr egni tylla-kümüşli horjunyny egnine atyp Gara döwüň gowagyndan çykyp gelýändir. Ganatly Gyrat Ýyldyz dagyndan edil ýyldyz ýaly süýnüp gaýtdy. Bu ýerde Akpamyk eziz doganlaryna gowşup, kejeňek pişijegini göterip, Täze ýyl baýramyna howlugyp geldi. Ol ýerde Körgarga gagyldap, dünýäde diňe halal zähmetiň, päk göwnüň ýol alýandygyny hekaýat edip otyr. Onuň beýle gapdalynda bolsa garry goja jadyly okaranyň başynda ornaşyp, hemmeleri toý tagamlaryny datmaga çagyrýar. Täze ýyl geldi!
Bu habar adamlaryňam ýüregine ýakymy bilen ornaýar. Şu günler ak bazarlara aýlanyp görüň, siz muňa magatja göz ýetirersiňiz. Tüweleme, bazar bolçulygyna gözüň dokunýar. Adamlar bazar sebedini güneşiň parçasyny ýada salýan datly miwelerden, şirin nygmatlardan dolduryp, birek-biregi gutlaýarlar. Ak ýürekden syzylyp gaýdýan arzuwlar bolsa dünýe ýaly gadymy hem baky alkyşnamalara syrygýar!
Täze ýylymyz düşümli bolsun, hemmelere bagt, rysgal-bereket getirsin! Eziz watanymyz baky abadan, ilimiz agzybir bolsun! Türkmen halkymyzyň bagtyýarlygynyň, gül-çeçek çagalaryň ýagty geljeginiň hatyrasyna gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Aknur ATAÝEWA, «Nesil».
“Nesil” gazeti,
29.12.2018ý.