16-njy iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2025-nji ýylyň uçurymlaryna diplomlary gowşurmak dabarasy geçirildi.
Ýokary diplomatiýa mekdebiniň durmuşyndaky ähmiýetli çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, institutyň ýolbaşçy we professor-mugallymlar düzüminiň wekillerini, talyplaryny, uçurymlaryň ata-enelerini hem-de ýakyn dogan-garyndaşlaryny bir ýere jemledi.
Wakanyň esasy gahrymanlary, elbetde, uçurymlaryň özleri boldular, olar üçin şol gün, bu ýere ýygnananlaryň ählisi üçin hem bolşy ýaly, aýratyn möhüm, jogapkärli, şatlykly we biraz gussaly boldy.
Institutyň mugallymlary hem-de halypa diplomatlar hormatly uçurymlaryň adyna mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar bilen baýramçylyk dabarasynda çykyş etdiler. Olar ýaş hünärmenlere üstünlikli başlangyçlary hem-de işlejek hünärlerinde geljekde ajaýyp üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw etdiler.
Uçurymlar, olaryň ýakynlary institutyň ýolbaşçylaryna hem-de mugallymlaryna, ähli wekillerine uly we tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Tamamlanan okuw ýylynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyny hünärmenleriň 78-si we magistrleriň 79-sy üstünlikli tamamladylar. Mundan başga-da ýokary okuw mekdepde bakalawrlaryň 44-siniň ilkinji goýberilişi boldy, olary taýýarlamaga 2021-2022-nji okuw ýylynda badalga berildi.
Institutyň uçurymlarynyň 12-siniň okuwy tapawutlanmak bilen tamamlandyklaryny nygtamak zerur. Dabaranyň dowamynda olar Hormat hatlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.
Halkara gatnaşyklar institutynyň işe ýerleşmekde öz uçurymlaryna işjeň ýardam edip, hünäre ugrukdyrmakda olaryň ilkinji ädimlerinde atalyk aladasyny edýändigini bellemek gerek. Häzirki wagtda institutyň uçurymlary ýurdumyzyň DIM-niň düzüminde, şol sanda öz mähriban ylmy ojaklarynda zähmet işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Şeýle hem ýokary okuw mekdebi tamamlanlar Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde, şäher hem-de welaýat gazetleriniň redaksiýalarynda, hukuk goraýyş edaralarynda, ýurduň ykdysadyýet we maliýe ulgamynda yhlasly zähmet çekýärler. Olaryň käbirleri ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda hem-de konsullyk edaralarynda işleýärler.
Institut 2008-nji ýylda döredileninden bäri 2025-nji ýyla çenli hünärmenleriň 934-sini goýberdi. Häzirki günde institut magistrleriň hem 278-sini taýýarlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda magistratura maksatnamasy boýunça okuw ilkinji gezek 2021-2022-nji okuw ýylynda girizildi.
turkmenistan.gov.tm