HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ UNIWERSITETINDE ITALÝAN DILINIŇ XXV BÜTINDÜNÝÄ HEPDELIGINE BADALGA BERILDI

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (HYYweÖU) dünýäde italýan diliniň XXV hepdeliginiň (Settimana della Lingua Italiana nel Mondo) çäklerinde çäreleriň tapgyryny geçirdi. Munuň özi oktýabr aýynda dünýäniň dürli ýurtlarynda italýan dilini, Italiýanyň taryhyny we medeniýetini wagyz etmek we ilerletmek, şeýle hem bu ugurda ählumumy hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen däp boýunça her ýyl geçirilýän halkara çäredir.

«Italofoniýa: serhetsiz dil» diýen şygar bilen geçirilýän italýan diliniň Bütindünýä hepdeligi diplomatlary, meşhur italýan professorlary, türkmen ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny we talyplaryny bir ýere jemledi. Onuň geçirilýän günlerinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti medeniýetara gatnaşyklarynyň merkezine, netijeli dialog, akademiki we medeni alyşmalar, iki dostlukly ýurduň hyzmatdaşlygyny ösdürmek we berkitmek üçin meýdança öwrüldi.

Italiýaly professorlar Mariýa Jowanna Farçiniň hem-de Françesko Jommoniniň türkmen talyplary we mugallymlary üçin wajyp meseleler boýunça geçiren mazmunly umumy sapaklary çäräniň maksatnamasyna girizildi. Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary tarapyndan italýan medeniýetine, edebiýatyna we taryhyna bagyşlanylyp taýýarlanylan ugurdaş sergi çärä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Maglumatlara baý sergi oňa syn edenlere bilimlerini artdyrmaga hem-de Italiýanyň medeni-taryhy mirasy we häzirki zaman durmuşy barada düşünjelerini giňeltmäge mümkinçilik berdi.

Duşuşygyň dowamynda ylym-bilim ulgamynda türkmen-italýan gatnaşyklaryny, ýokary okuw mekdepleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy, talyplaryň alyş-çalşygyny ösdürmegiň, bilelikdäki bilim başlangyçlaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmegiň, ussatlyk sapaklaryny geçirmegiň, dil taýýarlygyny, hususan-da, Italiýada türkmen talyplary üçin italýan dili we edebiýaty boýunça ýöriteleşdirilen okuwlary guramagyň mümkinçilikleri giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dünýäde italýan diliniň hepdeligine bagyşlanylan dabaraly we ilkinji çäreleriň D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda-da geçirilendigini bellemek gerek. Bu waka mynasybetli döredijilik, medeni we bilim çäreleriniň tapgyrlaryny soňra ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdeplerinde dowam etmek meýilleşdirildi.

Türkmenistanyň talyp ýaşlary italýan dilini uly höwes bilen öwrenýär we özleşdirmäge ymtylýar, bu bolsa diliň Türkmenistanda işjeň ilerledilýändigine we wagyz edilýändigine, halkara medeni we bilim aragatnaşyklaryny ösdürmek syýasatynyň alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär. Daşary ýurt dilleriniň öwredilmegini goldamak ugrunda akademiki alyşmalar guraldy, daşary ýurtly mugallymlar hyzmatdaşlyga çagyrylýar, häzirki wagtda Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde italýan professory üstünlikli işleýär.

Italýan diliniň Bütindünýä hepdeligi Aşgabatda her ýyl bellenilýär hem-de Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde guralýar.

Bu çäre italýan diline erk edýän geljekki hünärmenleri taýýarlamaga uly goşant bolmak bilen birlikde, türkmen ýaşlary üçin Italiýanyň taryhyna, edebiýatyna, sungatyna çuňňur düşünmäge, italýan halkynyň milli däpleri we gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga ajaýyp mümkinçilikdir.

turkmenistan.gov.tm