Watançy nesillerimiz maşgala ojagynyň asylly däp-dessurlaryny — agzybirligimiziň, bitewüligimiziň hem-de pähim-paýhaslylygymyzyň binýady bolup hyzmat edýän milli ýörelgelerimizi dowam etmelidirler.
Siz öz ajaýyp we päk ahlagyňyz, ýokary adamkärçilik häsiýetleriňiz bilen eziz Watanymyzy dünýä tanatmalysyňyz!
Päk göwünli, arassa bedenli, maksatlary aýdyň ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň ýaşlykdan sporta bolan endigi özlerinde terbiýelemegi olaryň uzak hem-de sagdyn ömür sürmegi üçin zerurdyr.
Türkmen ýaşlarymyz hemişe dostluk, doganlyk ýörelgelerine eýermelidir. Bu iki düşünje jemgyýetimiziň asudalygyny, halkymyzyň agzybirligini, Garaşsyz Watanymyzyň ösüşini üpjün edýän uly güýçdür.
Belent maksatlara diňe oýlanyşykly we döredijilikli işler, beden we ruhy kämillik, ýeňişlere we üstünliklere bolan uly ynam bilen ýetip bolar.
Ylym dünýäsinde belent derejelere ýeten halkymyz hiç bir döwürde hem ondan üzňe bolmandyr. Biziň eşretli hem-de bagtyýar durmuşymyzyň gözbaşy ylmyň we bilimiň kämilleşmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Eziz ýaşlar! Beýik Garaşsyzlygymyzy, baky Bitaraplygymyzy pugtalandyrmak, mizemez döwletimiziň belent at-abraýyny goramak we barha artdyrmak üçin siziň etmeli işleriňiz örän köpdür.
Watanymyzyň röwşen geljegi üçin okamak, öwrenmek, zähmet çekmek bagtyýar ýaşlarymyzyň öňlerinde goýan baş maksadyna öwrülmelidir.
Sagdyn, bilimli, sowatly ýaşlar biziň röwşen geljegimiziň girewidir.
Ynsan gözlemek, gurmak, döretmek, dünýäni has gözelleşdirmek, kämillige tarap ösmek bilen, belent sepgitlere ýetýär, uly mertebe gazanýar.
Okuwçylar we talyp ýaşlar döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň — röwşen geljegimiziň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik işlere gowy okamak, çuň bilim almak we hünär öwrenmek bilen jogap berip, Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolmalydyrlar.
Ýaşlar beýik maksada — ýurdumyzy bilimler mekanyna öwürmäge gönükdirilen beýik işlere gowy okamak, döredijilikli zähmet çekmek, gurmak, döretmek, ylym-bilim dünýäsine çuňňur aralaşmak bilen mynasyp goşant goşmalydyrlar.
“Nesil” gazeti,
16.12.2017ý.












