ÖZBEGISTANDAN GELEN TALYPLAR TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETINDE TEJRIBELIK GEÇÝÄRLER

25-nji iýun — 4-nji iýul aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň talyplary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde tejribelik geçýärler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Tejribelige hyzmatdaş ýokary okuw mekdebiniň gidromeliorasiýa fakultetiniň 1 mugallymy, 5 talyby hem-de oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň 1 mugallymy, 10 talyby Türkmenistana gelip, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň umumy ýaşaýyş jaýynda ýerleşdi.

Saparyň ilkinji güni myhmanlar S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen tanyşdyryldy. Olar tejribeligiň dowamynda professor-mugallymlaryň umumy sapaklaryna gatnaşýarlar, ugurdaş edara-kärhanalara, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkyna, Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet merkezi botanika bagyna, uniwersitetiň Okuw-tejribe hojalygyna baryp görýärler. Şeýle-de goňşy döwletden gelen myhmanlar üçin medeni-dynç alyş maksatnamasy taýýarlanyldy. Tejribelik geçýänler onuň çäklerinde Aşgabatdaky «Daşkent» seýilgähine hem baryp görerler.

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

turkmenportal

Meňzeş habarlar