«SANLY ÇÖZGÜT – IT MEÝDANÇA» – TEHNOLOGIK TÄZELIKLERIŇ OKUW MERKEZI

Ýurdumyzda kabul edilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda aragatnaşyk we telekommunikasiýa pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak, IT ulgamynda ornaşdyrmaga niýetlenilen taslamalary döretmek we tehnologiýa oýlap tapyşlary durmuşa geçirmek babatynda degişli işler amala aşyrylýar.

Bu işleri durmuşa geçirmek ugrunda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň binýadyndaky «Sanly çözgüt – IT meýdança» hojalyk jemgyýeti tarapyndan hem saldamly işler durmuşa geçirilýär. «Sanly çözgüt – IT meýdança» hojalyk jemgyýeti IT ulgamynda dürli ugurlar boýunça işleri alyp barýar we şol bir wagtyň özünde, ýaşlaryň bilimlerini we ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge, mugallymlaryň tejribesini artdyrmaga gönükdirilen okuw merkezi bolup durýar.

Merkezde maglumatlary işlemegiň awtomatlaşdyrylan ulgamlaryny döretmek, tor tehnologiýalary, kiberhowpsuzlyk we beýleki ugurlar boýunça okuwlar we talyplaryň bilimini berkitmek üçin tejribelikler geçilýär. Häzirki wagtda «Sanly çözgüt – IT meýdança» hojalyk jemgyýetinde bilim alýan zehinli ýaşlar tarapyndan programma üpjünçilikleri yzygiderli işlenip düzülýär we ýurdumyzyň dürli pudaklaryna üstünlikli ornaşdyrylýar.

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlary, talyplary we Aşgabat şäheriniň mekdep okuwçylary okuwlaryndan daşary bu hojalyk jemgyýetine gelip, nazaryýetde alan bilimlerini tejribede berkidýärler. Şeýle mümkinçilik ýaşlara döwrebap tehnologiýalar bilen işleşmegiň usullaryny amaly taýdan öwrenmäge giň ýol açýar.

«Sanly Çözgüt – IT meýdança» ylym-bilim önümçilik arabaglanyşygyny üpjün edýän baglanyşdyryjy merkez hökmünde IT tehnologiýalaryna degişli köp ugurlary öz içine alýan hyzmatlary hem hödürleýär. Olar elektron resminama dolandyryş ulgamlaryny ornaşdyrmak, programma üpjünçiligini taýýarlamak, hasap, maglumatlary gaýtadan işlemek ulgamlaryny döretmek, dolandyrmak, web-saýtlary döretmek we dizaýnerçilik ýaly hyzmatlar.

«Sanly çözgüt – IT meýdança» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyrylan iri möçberli sanly taslamalar ýurdumyzyň dürli pudaklarynda döwrebap maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna giň ýol açdy. Oba hojalyk, bilim, ulag-logistika, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ýaly strategik ulgamlarda ýerine ýetirilen awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamlary, programma üpjünçilikleri we mobil goşundylary döwlet edaralarynyň işini has netijeli, çeýe we açyk görnüşe getirmäge ýardam berdi.

Hojalyk jemgyýeti tarapyndan taýýarlanan «Ýer kadastry geomaglumat ulgamy», «Bilim maglumat dolandyryş ulgamy», «Mekdep ulgamy», şeýle hem «Şahsy otag» ýaly sanly çözgütleriň birnäçesi Türkmenistanyň intellektual eýeçilik boýunça ygtyýarly edarasy tarapyndan patentlenip, degişli şahadatnamalar bilen bellige alyndy. Bu çözgütleriň ykrar edilmegi, «Sanly çözgüt – IT meýdançanyň» innowasion mümkinçilikleriniň diňe bir tehniki taýdan däl, eýsem, hukuk taýdan hem ýokary derejede ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Özboluşly bellenilmäge mynasyp ýagdaýlaryň biri hem — 2024-nji ýyldan başlap «Sanly çözgüt – IT meýdançanyň» işjeň gatnaşmagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda informatika dersi boýunça olimpiadalaryň yzygiderli geçirilmegi bolup durýar. Bu çäreler häzirki wagtda ýaşlaryň arasynda giň seslenme döredip, olaryň kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmaga we hünär ugruny anyklamaga gönükdirilen asylly däbe öwrüldi.

Şeýlelikde, «Sanly çözgüt – IT meýdança» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzyň sanly ösüş strategiýasyna mynasyp goşant goşmak bilen bir hatarda, ýaşlaryň innowasion mümkinçilikleriniň doly açylmagy üçin hem giň mümkinçilikleri döredýär. Täze pikirli, tehnologiýa ussatlaryna daýanyp, döwrebap çözgütleri durmuşa geçirýän bu merkez geljekki sanly jemgyýetiň binýadyny berkidýän möhüm ýörelgä öwrüldi.

turkmenistan.gov.tm