Ýaşlyk – adam ömrüniň iň joşgunly, ruhubelent döwrüdir. Bu döwürde adamda arzuwlarynyň ganaty giňden açylýar, ýürekde täze maksatlar, kalpda döwletiň, halkyň, jemgyýetiň öňündäki jogapkärçilik duýgusy kemala gelýär..
Häzirki döwürde ýurdumyzda ýaşlara döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Ýaşlar syýasaty Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýaş nesil üçin giň şert-mümkinçilikler döredilýär. Munuň netijesinde, ýaşlar bilim alýar, täze tehnologiýalary özleşdirýär, döredijilik bilen meşgullanýar, dünýä ülňülerine laýyk derejede ösüş ýoluna çykýar.
Ýöne ýaşlara döredilýän şertler bilen bir hatarda, olaryň döwletiň, jemgyýetiň we ene-atanyň öňündäki borçlary hem bar. Her bir ýaş adam ilkinji nobatda okamagy, öwrenmegi, Watana hyzmat etmegi öz borjy hökmünde kabul etmeli. Bilimli, ylymly ýaş – döwletiň güýçli geljeginiň binýadydyr. Ýaşlar jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyp, zähmete höwes bilen ýapyşyp, jemgyýetiň ruhy taýdan sagdyn we ösüşli bolmagyna öz goşandyny goşmalydyrlar.
Şeýle hem, ýaşlaryň döwletiň öňündäki borçlarynyň hatarynda Watan söýgüsi aýratyn orun eýeleýär. Watanperwerlik – diňe bir söz däl, eýsem, amala aşyrylýan işdir. Ýaşlaryň ylymda, tehnikada, medeniýetde, sportda, oba hojalygynda, ykdysadyýetde gazanýan üstünlikleri olaryň Watan öňündäki borçlaryny tüýs ýürekden ýerine ýetirýändiginiň subutnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ýaşlaryň jemgyýetçilik taýdan işjeňligini ýokarlandyrmak, olaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun ýaşlaryň döwletiň ösüşindäki ornuny, jogapkärçiligini we hukuklaryny has-da berkidýär. Şeýle tagallalar ýaş nesliň Watana, halka we döwlete wepaly gulluk etmegine güýçli binýat döredýär.
Ýaşlyk döwri – diňe bir joşgunly we lezzetli döwür däl, eýsem, döwletiň öňünde borç duýýan raýatyň kemala gelýän döwrüdir. Ajaýyp ýaşlygyň şanyna mynasyp ýaşamak, döwletiň öňündäki mukaddes borçlary watansöýerlik bilen ýerine ýetirmek her bir ýaş raýat üçin bagtyýar geljegiň açarydyr.
Abul HAÝTBAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň esasy hünärmeni.