Asyrlaryň dowamynda kemala gelip, umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen halkynyň milli medeniýeti gaýtalanmajak gözelligi özboluşlylygy bilen her bir adamy özüne çekýär. Ýokary depginde ösýän medeniýet ulgamy kuwwatly jebisleşdiriji güýje, köňülleri, ýürekleri ýakynlaşdyrýan köprä öwrülýär.
Bu günki gün türkmen halkynyň nepis halylary, dokma önümleri, ahalteke atlary, şaý-sepleri, aýdym-sazlary we ajaýyp tanslary bütin dünýäde giňden tanalýar. Olaryň dünýä derejesinde ykrar edilip, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi buýsançly başymyzy göge ýetirýär. Şeýle gymmatlyklaryň biri hem 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Çeju şäherinde (Koreýa Respublikasy) Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 12-nji mejlisiniň barşynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna biragyzdan girizilen, aýdym aýtmagyň we tans etmegiň «Küştdepdi» milli sungatydyr.
Bu sungatyň sazyna, sözlerine, her bir hereketine halkymyzyň eziz Watanymyza, tebigatymyzyň gözelligine bolan çäksiz söýgüsi siňendir. Onuň tans hereketleri, dili, ajaýyp owazy, sazynyň depgini hiç bir adamy biparh goýmaýar. Milli lybasa beslenen tansçylar asuda asmanymyzda erkin gaýýan guşlary, Hazar deňziniň joşýan tolkunlaryny ýatladýar. Geçmiş bilen geljegi baglanyşdyrýan bu sungatyň häzirki wagtda ýaş nesilleriň arasynda gadyr-gymmatyny ýitirmeýändigini görmek buýsanjymyza buýsanç goşýar.
Güýçmyrat ÝAGŞYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat
Geňeşiniň başlygynyň w.w.ýe.ýe.