Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň agzybir türkmen jemgyýetimize, türkmen halkymyza beren bagty aýdyp-diýip egserden zyýatdyr. Taryhy-medeni mirasymyzy häzirki zaman nukdaýnazaryndan gaýtadan öwrenmek, toplamak we ýaýmak babatda amala aşyrylan işlere ser salanyňda hem munuň şeýledigini aýdyň görmek bolýar.
Şu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda, ata-baba dowam edip gelýän milli gymmatlyklarymyz ÝUNESKO-nyň maddy we maddy däl medeni gymmatlyklarynyň sanawyna girizilýär. 2023-nji ýylyň 5-9-njy dekabry aralygynda Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde bolup geçen ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde Ahalteke atçylyk sungaty we at bezemek däpleri bu guramanyň Umumadamzat maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şonuň ýaly-da Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Ahalteke bedewi — buýsanjymyz hem şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly ajaýyp kitaplar dünýä jemgyýetçiligini halkymyzyň bu ebedilik milli gymmatlygy bilen giňden tanyşdyrdy.
Häzirki ajaýyp eýýamymyzda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen, Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyklar täze tapgyrlarda ösdürilýär. Munuň özi taryhdan — şu güne türkmen ruhy dünýäsiniň täsinlikleri bolan maddy we maddy däl medeni gymmatlyklarymyzyň geljeginiň has-da rowaç boljagyndan habar berýär.
Gözel SAPARMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.