Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde şu gün gämä münüp, Hazar deňziniň çägi boýunça ýüzüşi amala aşyrdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýüzüşiň dowamynda Gahryman Arkadag deňziň kenarynda ýaýbaňlandyrylan işler bilen tanyşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, ýurduň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan gurluşyk we abatlaýyş işleriniň depginlerini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp, dynç alyş zolagynyň çägini giňeltmek we alnyp barylýan abatlaýyş işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak babatda özüniň degerli maslahatlaryny berdi.
Halk Maslahatynyň Başlygynyň Balkan welaýatyna iş sapary dowam edýär.
turkmenportal