TÜRKMENISTANDA ÝAŞLAR BAÝRAGYNA HÖDÜRLENILÝÄNLERDEN RESMINAMALARYŇ KABUL EDIŞLIGI BAŞLANDY

Türkmenistanda Ýaşlar baýragyna hödürlenýänlerden resminamalaryň kabul edişligi başlandy. Bu baýragy almaga dürli ulgamlarda – edebiýatda, sungatda, medeniýetde, ylymda we tehnikada, lukmançylykda, sportda, oba hojalygynda, jemgyýetçilik işlerinde uly ösüşleri, döredijilik we zähmet işjeňligini görkezen ýurduň 16 ýaşdan 35 ýaşa çenli ýaş raýatlary dalaşgär hödürlenilip bilner diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Dalaşgärlerden resminamalar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň şäher we welaýat geňeşlerinde 15-nji sentýabra çenli kabul ediler.

Resminamalarda dalaşgäriň soňky üç ýylda gazanan üstünlikleri barada maglumatlar bolmalydyr.

Gatnaşmak isleýänler aşakdaky resminamalary tabşyrmalydyr:

  • 3x4 ölçegdäki 6 sany reňkli fotosurat;
  • şahsy maglumatlary (maglumatnama we awtobiografiýa) kagyz hem-de elektron görnüşde (familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan güni, aýy we ýyly wezipesi, iş we öý salgylary, şeýle hem telefon belgisi aýratyn görkezilmelidir);
  • dalaşgäriň pasportynyň we zähmet depderçesiniň (eger işleýän bolsa) tassyklanan nusgalary;
  • dalaşgäriň jemgyýetiň öňünde eden işlerini tassyklaýan resminamalar, hususan-da: Hormat hatlarynyň, diplomlaryň we beýleki baýraklaryň nusgalary, çykyşlarynyň we işleriniň fotosuratlary, CD we DVD ýazgylary, metbugatda çap edilen döredijilik işleriniň nusgalary;
  • dalaşgäri baýraga hödürleýän edara, gurama ýa-da kärhana tarapyndan berlen häsiýetnama, şeýle hem Ýaşlar guramasynyň etrap, şäher ýa-da welaýat geňeşiniň teswirnamasyndan göçürmäniň gol we möhür bilen tassyklanan nusgasy.

Bu baýraga ozal eýe bolan şahslar baýragy almak üçin dalaşgärlik edip bilmeýärler.

turkmenportal