Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň etrap medeniýet bölümi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda etrap medeniýet merkezinde ene-mamalarymyzdan miras galan milli däp–dessurlarymyzy, edim–gylymlarymyzy, türkmen toýlarymyzyň aýratynlyklaryny wasp etmek maksady bilen, «Toýlar toýa ulaşýar, döwletli döwran bu gün» ady bilen çäre geçirildi.
Bu ýere ýygnanan medeniýet işgärleriniň kalplaryndan joşup çykýan toý gazallary, aýdyşyk aýdymlary özboluşly häsiýete eýe boldy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Abat MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň işgärler işi
boýunça esasy hünärmeni.