SPORT – SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ GÖZBAŞY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, etrap bedenterbiýe we sport mekdebiniň bilelikde guramagynda Esenguly etrabyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Sport – sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy» ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça sport ýaryşy geçirildi.

Ýaşlarda sportuň dürli görnüşlerine bolan höwesi artdyrmak, olaryň saglygyny berkitmek maksady bilen geçirilen ýaryş diýseň çekeleşikli we gyzykly häsiýete eýe bolup, oňa gatnaşan türgenler özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler.

Ýeňiji bolan türgenlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Alfiýa ŞEMMIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Oktýabr 2025 | 20 okalan

KÄMIL ÝAŞLAR – WATANYMYZYŇ DAÝANJY

17 Oktýabr 2025 | 23 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI