AHLAK DÜŞÜNJELI, KÄMIL BILIMLI ÝAŞLAR – ERTIRKI GÜNÜŇ DAÝANJY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň Gumdag şäherçe bölümçesiniň we Gumdag şäherçesiniň 3-nji hünär tehniki okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda «Ahlak düşünjeli, kämil bilimli ýaşlar – ertirki günüň daýanjy» atly şygar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Onda dowamynda ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, ýaşlaryň edep-ekramly bolup ýetişmegi, olary arassa ahlaklylyk we millilik häsiýetde terbiýelemek derwaýys meseleleriň biri bolup durýandygy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda eziz ýurdumyzda ylymly-bilimli ýaşlaryň kemala gelmeginde alnyp barylýan işleriň uludygy dogrusynda buýsançly çykyşlary etdiler.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, halal zähmet çekmegi üçin uly işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyza рem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

Amangözel EŞEROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň

Gumdag şäherçe bölümçesiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

16 Oktýabr 2025 | 4 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

13 Oktýabr 2025 | 82 okalan

IL SAGLYGY – ÝURT BAÝLYGY