Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň we Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda ene-mamalaryň milli ýörelgelerini, halal zähmet terbiýesini, hünär ussatlygyny ýaşlarda ornaşdyrmak boýunça ýaşuly nesliň, ata-eneleriň, lukmanlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda talyp gyzlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Onuň baş maksady – ýaş gyzlarymyzyň durmuşda mynasyp ornyny tapmagy, olarda watançylyk ruhuny, zähmetsöýerligi, ahlak arassalygyny, maşgalanyň gymmatlylygyny we hünärine bolan söýgüni güýçlendirmekdir. Şeýle duşuşyklar ýaşlary jemgyýete peýdaly, jogapkärçilikli, zähmeti söýýän, terbiýeli şahslar edip ýetişdirmäge gönükdirilendir. Geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklary ýaşlarymyzyň kalbynda ene topraga bolan söýgüni, milli ruhy mirasymyza buýsanmak duýgusyny, halal zähmete bolan höwesini artdyrmak bilen bir hatarda, olary jemgyýete peýdaly şahslar edip ýetişdirmäge giň ýol açýar.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar eziz Watanymyzyň rowaçlygy üçin zähmet çekmäge, ylym-bilim almaga, ýurdumyzyň abraýyny dünýä ýüzünde belende götermäge giň gerimli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Annagül BEGNAZAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň
uly buhgalteri.