Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň hem-de TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde guramagynda Balkan welaýat Kitaphanasynda kämil ýörelgelerimiziň dabaralanýan täze taryhy eýýamynda nurana geljege tarap ynamly alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde başlarymyzyň täji, ýüreklerimiziň buýsanjy, ömrümiziň manysy bolup dünýä şugla saçýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen beýik tutumlary, şeýle hem ýurdumyzda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek boýunça alnyp barylýan degişli taýýarlyk işleri ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzyň halkara bileleşiginiň işjeň agzasy hökmünde dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlary hem-de şu ýylyň 4-8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna alnyp barylýan giň gerimli taýýarlyk işleri barada giňişleýin söhbet etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar dünýäniň syýasy giňişliginde Türkmenistanyň ornuny güýçlendirmek, halkara gatnaşyklary ulgamynda döwletimiziň milli bähbitlerini yzygiderli goramak ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Şadurdy GOWŞAKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Balkan welaýatynyň Balkanabat
şäher Geňeşiniň başlygy.