BILIM ULGAMYNDA INNOWASIÝALY ÖSÜŞ

Ata Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize çyn ýürekden wepaly, ruhubelent, giň gözýetimli, kämil bilimli, anyk maksatly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan zehinli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek möhüm wezipeleriň biridir. Ýaş nesli mynasyp ýetişdirmekde bilim-terbiýe işine möhüm orun degişli bolup durýar. Bilim ulgamy jemgyýetiň ösmegini şertlendirýän, ähli ugurlarda üstünlikleri gazanmaga öňe iteriji güýç-kuwwaty özünde jemleýän ulgamdyr. Ýaş nesle berilýän bilim jemgyýetimiziň we döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin berk binýatdyr. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz bilimiň derejesini we hilini yzygiderli ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda ýokary okuw mekdepler üçin döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýörite binalaryň bolmagy okuwa sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmakda, ylmyň iň täze gazananlary bilen ýakyndan tanyşmakda mümkinçilik döredýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak üçin gowy üpjün edilen okuw binýady bolmak bilen birlikde, ýaşlaryň aňpaýhas mümkinçiliklerini iň ýokary derejede durmuşa geçirmäge hem şertleri döredýär. Ýokary okuw mekdepleriň şäherçelerinde okuw otaglary, barlaghanalar we innowasion bilim tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan kabinetler, mugallymçylyk iş tejribesinde bolsa okatmagyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän öňdebaryjy usullary giňden ulanylýar. Okuw otaglarynyň Internet ulgamyna birikdirilen bolmagy, beýleki okuw mekdepleri bilen göni aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän, wideomaslahatlary geçirmek üçin niýetlenen programma üpjünçilik ulgamynyň ornaşdyrylmagy talyplar üçin has-da ähmiýetlidir. Merkezleşdirilen kompýuter ulgamyna birikdirilen şol okuw otaglarynda bilim alýan talyplaryň paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky bilim ojaklaryndan kitaphanalar tory arkaly özlerine gerek bolan maglumatlary almaga mümkinçilikleri bar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly täze kitabynyň «Durnukly ösüş maksady bilen makroykdysady deňölçegliligi hem-de daşary ykdysady syýasaty kämilleşdirmegiň meseleleri» diýlip atlandyrylýan ikinji bölüminde ýurdumyzyň makroykdysady syýasatynyň esasy ugurlary görkezilýär. Hormatly Prezidentimiz adam maýasyny kämilleşdirmek ugrundaky maksatlaýyn gönükdirmelere ýetmek üçin çözülmegi göz öňünde tutulýan wezipeleriň hatarynda ylmyň we bilimiň ileri tutulýan ugurlarynyň ösüşiniň netijesinde tehnologik ösüşi üpjün etmek, milli innowasion ulgamy kemala getirmek, ylym hem-de bilim edaralarynyň dürli görnüşliligini giňeltmek, degişli ugurdaky bar bolan mümkinçilikleri çekmek arkaly tehnoparklary, ylmy-barlag merkezlerini, barlaghanalary döretmek wezipeleri hem belläp geçýär.

Döwletimiz tarapyndan ýaşlaryň bilimini, hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek, ylma bolan höweslerini güýçlendirmek, bilim ulgamynda özleşdirilýän hünär ugurlaryny artdyrmak, täze orta, ýörite, ýokary okuw mekdepleriniň açylmagy, bu ugurda toplumlaýyn maksatnamalaryň kabul edilmegi we durmuşa geçirilmegi bilim we ylym ulgamynyň netijeli bolmagyny şertlendirýär. Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen «Türkmenistanda ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň 2017 — 2021- nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» tassyklanmagy ýurdumyzyň innowasion ösüşlerini ilerletmekde möhüm ädim boldy. Bu maksatnamada göz öňünde tutulýan wezipeler «Türkmenistanda innowasiýa işini ösdürmegiň 2015 — 2020-nji ýyl­la­ry üçin mak­sat­na­ma­sy», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamagyň maksatnamasy», «Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary» hem-de ylym ulgamynyň hukuk binýadyny düzýän kanunlar we beýleki resminamalar bilen sazlaşykly utgaşýar.

Häzir ýurdumyzda milli bilim we ylym ulgamyny, ýurdumyzyň lukmançylygyny maksadalaýyk kämilleşdirmek, iň täze enjamlary we öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak, degişli düzümleri toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça anyk çäreler görülýär. Döwrüň ýagdaýlaryny hem-de geljek üçin uly meýiller nazarda tutulyp, kabul edilýän şeýle maksatnamalar ylym-bilim ulgamynda, jemgyýetde täzelenişiň we ösüşiň yzygiderli dowam etmegine şertleri üpjün edýär.

Häzirki döwürde intellektual we tehnologik bäsdeşlik barha ýiti häsiýete eýe bolýar. Ösen döwletlerde jemi içerki önümiň ösüşiniň 80-95 göterimi tehnikada we tehnologiýalarda jemlenen täze bilimleriň hasabyna gazanylýar. Bu bolsa şol ýurtlarda bäsdeşlige ukyplylygyň ýokary derejesiniň üpjün edilýändigini görkezýär. Şol sebäpli öz ykdysady kuwwatyny artdyrmak isleýän islendik döwlet öz ylmy-tehniki we intellektual mümkinçiliklerini netijeli ulanmaga çalyşýar. Ýurdumyzyň aň-paýhas mümkinçiliklerini milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşini üpjün edýän serişdä öwürmek şu günüň möhüm ähmiýetli wezipesidir. Milli ykdysady strategiýada ylma daýanýan, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply bolan önümleri öndürmek wezipesine aýratyn orun degişlidir. Täze bilimleriň we tehnologiýalaryň döredilmegi, olaryň döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň hatyrasyna ulanylmagy dünýä hojalygynda ýurduň tutýan ornuny kesgitleýän görkezijilerdir. Aýratyn-da, takyk we tebigy ylmy ulgamynda nano we himiýa tehnologiýalaryň, täze materiallary öwrenmek, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamy we kompýuter tehnologiýasy, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet we ynsanperwer ylymlary ýaly ugurlary ösdürmek şu günüň möhüm wezipeleri hökmünde degişli maksatnamalarda şöhlelenýär. Ine, şeýle köptaraplaýyn maksatnamalaýyn çemeleşmeleriň we makro derejedäki çäreleri durmuşa geçirmegiň esasynda milli innowasion ulgam emele gelýär. Jemgyýetiň bäsdeşlige ukyply, ykdysady, intellektual we döredijilik ösüşiniň binýady bolup durýan ýaşlaryň häzirki zaman ylymlaryny we bilimlerini, täze tehnologiýalary düýpli özleşdirmegi üçin şeýle maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi örän ähmiýetlidir. Ýaş nesillerimiziň hemmetaraplaýyn bilimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, işleri rowaçlyklara beslensin!

Oguljan ATDAÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.

“Nesil” gazeti,

22.01.2019ý.

Meňzeş habarlar