RAÝAT JEMGYÝETI FORUMY ÜSTÜNLIKLI JEMLENDI WE JARNAMA KABUL EDILDI

Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň howandarlygynda geçirilýän Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilen Raýat jemgyýeti forumy üstünlikli jemlendi. Forumyň dowamynda ýüze çykarylan başlangyçlar, pikir alyşmalar we halkara hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary jemgyýetçilik institutlarynyň dünýäde durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm orny eýeleýändigini nobatdaky gezek subut edildi. Forumyň jemleýji tapgyrynda plenar mejlis geçirilip, onuň dowamynda raýat jemgyýetiniň wekilleri öz garaýyşlaryny beýan etdiler. Çykyş edenler ýurdumyzyň şeýle möçberdäki halkara forumlara mynasyp derejede guramaçylyk etmeginiň Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydygyny nygtadylar.

Şeýle hem, raýat jemgyýetiniň ösüşindäki mümkinçilikler, jemgyýetçilik birleşikleriniň işjeňliginiň artdyrylmagy, ýaşlaryň we meýletinçileriň halkara hyzmatdaşlygyna goşulyşmagy ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň jemleýji resminamasy hökmünde kabul edilen Jarnama onuň çäginde öňe sürlen pikirleriň, teklipleriň we hyzmatdaşlyk başlangyçlarynyň esasy jemini düzdi. Bu Jarnama dünýäniň dürli ýurtlaryndan gatnaşan jemgyýetçilik wekilleriniň goldamagynda, raýat jemgyýetiniň häzirki zaman jemgyýetçilik ösüşindäki ornuny we jogapkärçiligini alamatlandyrýan möhüm hukuk resminamasy hökmünde kabul edildi. Jarnamada raýat jemgyýetiniň durnukly ösüşe goşandy, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, jemgyýetçilik institutlarynyň mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly möhüm ugurlar beýan edildi.

Forumyň dowamynda dürli ýurtlaryň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen geçirilen interaktiw duşuşyklar, tejribe alyşmalar hem-de pikir alyşmalar gatnaşyjylar üçin örän ähmiýetli boldy. Forum tamamlananda çykyş eden wekiller şeýle derejedäki forumyň üstünlikli geçirilmeginde döredilen giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Meňzeş habarlar