BERKARAR WATANYMYZ ÖSÜŞ ÝOLY BILEN RÖWŞEN GELJEGE TARAP!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşlere beslenýän eziz diýarymyz ähli pudaklarda belent sepgitlere ýetýär. Asudalygy, hoşniýetli gatnaşyklary we parahatçylygy özüniň içeri we daşary syýasatyna esas edinen ýurdumyzyň bagtyýar halky Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň irginsiz aladalary saýasynda ak ýollaryň rowana menzillerinde ynamly öňe barýar. Munuň özi eziz watanymyzyň nurana geljegi we halkara abraýnyň barha ýokarlanmagy üçin öňde goýlan syýasy, ykdysady we medeni-durmuş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarydygyny dürli ugurlar babatda gurulýan medeni-durmuş ähmiýetli binalar, ýaşaýyş jaýlary, ajaýyp ýollar we köprüler giňişleýin tassyk edýär. Biziň ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyzda ýol gurmak, köpri gurmak ýaly işler sogaply işleriň biri hasaplanypdyr. Şu ýol-ýörelgelerden ugur alyp ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berilýän ýollar, köprüler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Köprüler ýollary, ýollar bolsa illeri birleşdirýär. Halkymyzyň eşretli şu güni we şuglaly ertiri hakda bimöçber aladalaryň edilýän döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyny ýol ýörelge edinip, eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyna mynasyp goşant goşmak islegi her bir raýatyň kalbyny gurşap alýar. Goý, ýurdumyzy ösüşleriň belent sepgitlerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Beýzali ATAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar