2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde badalga alan Ýaşlar forumynyň «Ýaşlar syýasaty iş ýüzünde: Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin sebitleýin liderligi we strategik maýa goýumlary güýçlendirmek» atly ugurdaş çäresi öz işini üstünlikli tamamlady.
Çärede Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Ýazpolat Keriýew, şeýle hem, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen bir hatarda, birnäçe daşary ýurt wekilleri çykyş etdiler.
Çäräniň ahyry edilen gyzykly çykyşlar boýunça alşylan pikirlerdir sowal-jogaplar bilen utgaşyp gitdi.