YKLYMLARY BIRLEŞDIREN MASLAHAT

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda «Milli miras – nesillere görelde» atly gepleşigiň nobatdaky sany ýazgy edildi. Onda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakalarynyň birine öwrülen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýeti we bu iri halkara çäresinden gelip çykýan wezipeler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Çykyşlarda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen bu abraýly foruma iri halkara guramalaryň, dünýä döwletleriniň ençemesiniň ýolbaşçylarynyň, wekilleriniň, şol sanda ýaşlaryň işjeň gatnaşandygy buýsanç bilen bellenildi. Şeýle hem birnäçe ylalaşylan degişli resminamalar dogrusyndaky giňişleýin söhbetler edildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ählumumy ösüşe we parahatçylyga gönükdirilen halkara ähmiýetli çäreleriň biziň ýurdumyzda yzygiderli geçirilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan ynsanperwer başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň dostlukly döwletara gatnaşyklarynda has-da berkeýändiginiň aýdyň görkezijisidir.

Şeýle hem çykyşlarda bu maslahatyň çäklerinde ýaşlar forumynyň geçirilendigi, munuň özi halkara ýaşlar dialogyny dabaralandyrmakda hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça ýaşlaryň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň maksatlaryna laýyk gelýän täze Hereketler maksatnamasyny durmuşa geçirmäge uly ähmiýete eýe boljakdygy buýsanç bilen bellenildi.

Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryndaky ornuny pugtalandyrmakda, dünýäniň ösen döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny dabaralandyrmakda beýik işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!

Mahym SELIMOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

11 Awgust 2025 | 99 okalan

YKLYMLARY BIRLEŞDIREN MASLAHAT

11 Awgust 2025 | 30 okalan

SANLY BILIM MÜMKINÇILIKLERI

10 Awgust 2025 | 14 okalan

TÜRKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTY