HALKARA MASLAHATYŇ ÄHMIÝETI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, etrabyň ýaşulylarynyň hem-de ýaş hünärmenleriň gatnaşmagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça geçirilen üçünji maslahatynyň ähmiýeti barada maslahat geçirildi.

Maslahatda, asuda ýurdumyzyň mundan beýläk hem hemmetaraplaýyn ösmegi ugrunda yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli daşary we içeri syýasatlarynyň netijesinde bu halkara forumyň biziň ýurdumyzda geçirilendigini buýsanç bilen bellenildi.

Bu duşuşykda çykyş edenler halkara forumyň çäklerinde geçirilen Ýaşlar forumy we zenan ýolbaşçylarynyň maslahaty barada aýdyp, halkara derejede ýaşlara hem-de zenanlara goýulýan belent sarpa we uly ynam bildirilýändigi hakynda ýakymly sözler aýdyldy.

Çäräniň ahyrynda maslahata gatnaşanlar ýurdumyzyň halkara gatnaşyklardaky ornuny pugtalandyrmakda, dünýäniň ösen döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny dabaralandyrmakda beýik işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Altynaý MÄMMETNAZAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Gyzylarbat etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

18 Awgust 2025 | 16 okalan

MILLI EL IŞLERI BOÝUNÇA BÄSLEŞIK

18 Awgust 2025 | 13 okalan

DEŇZE ÇYKALGA – DÜNÝÄ ÇYKALGA