Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň, Magtymguly etrap polisiýa bölüminiň hem-de Magtymguly etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Magtymguly etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Onda çykyş edenler kanun bozulmalaryň öňüni almak, Konstitusiýany, kanunlary düşündirmek, tebigaty goramak, tertip-düzgüni berjaý etmek, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty, sagdyn durmuş, milli ahlak ýörelgeleri barada düşündirdiler.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ähli halkymyz, şol sanda ýaş nesil hakynda yzygiderli tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Durdy DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň başlygy.