«ARKADAG» WE «AHAL» TOPARLARYNYŇ AFK-NYŇ 2-NJI ÇEMPIONLAR LIGASYNYŇ TOPARÇALAÝYN TAPGYRYNDAKY GARŞYDAŞLARY BELLI BOLDY

Şu gün Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherindäki Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFK) merkezinde AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň bije çekişligi geçirildi. Onda «Arkadag» we «Ahal» toparlarynyň garşydaşlary kesgitlendi.

Bijäniň netijesine görä, Türkmenistanyň iki gezek çempiony «Arkadag» topary «B» toparçada «Al-Ahli» (Katar), «Andijan» (Özbegistan), «Al-Haldiýa» (Bahreýn) toparlary bilen bäsleşer. Ýurdumyzyň wise-çempiony «Ahal» topary bolsa «C» toparçada «Sepahan» (Eýran), «Al-Husseýn» (Iordaniýa) hem-de «Mohun Bagan» (Hindistan) toparlary bilen bäsleşer.

«Arkadag» topary yklymyň topar ýaryşynda AFK-nyň Çagyryş ligasynyň (Aziýada üçünji derejeli ýaryş) ýeňijisi hökmünde çykyş eder, «Ahal» topary bolsa Täjigistanyň Tursunzade şäherinde geçirilen duşuşykda «Regar-TadAZ» toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykyp, AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik aldy.

Bilermenleriň habar berşi ýaly, çekeleşigiň dowamynda türkmen toparlary Saud Arabystanyň dokuz gezek çempiony «Al-Nasr» topary bilen bäsleşip bilerdiler, bu toparda Portugaliýaly meşhur hüjümçi Kriştiano Ronaldo we beýleki köp sanly futbol ýyldyzlary çykyş edýärler. Emma bije çekişligiň netijesinde «Al-Nasr» topary «D» toparça düşdi.

Türkmen toparlaryna hem ýeňil garşydaşlar düşmedi.

«Arkadag» topary öz toparçasynda Özbegistanyň Kubogynyň eýesi bolan «Andijan» (ýurduň ýokary ligasynda 9-njy orny eýeledi), Bahreýniň wise-çempiony «Al-Haldiýa» we Kataryň ýokary ligasynda 4-nji orny eýelän «Al-Ahli» toparlary bilen bäsleşer.

«Ahal» topary bolsa Iordaniýanyň çempiony «Al-Husseýn», Eýranyň wise-çempiony «Sepahan» we Hindistanyň çempiony «Mohun Bagan» toparlary bilen duşuşar.

«Ahal» AFK-nyň Çempionlar ligasynda eýýäm iki gezek oýnan ilkinji türkmen futbol topary. 2022-nji ýylda «Ahal» topary ilkinji gezek Aziýanyň futbol toparlarynyň esasy bäsleşiginde Türkmenistana wekilçilik etdi. Jidda şäherinde (Saud Arabystany) Türkmenistandan, Eýrandan, Katardan we Birleşen Arap Emirliklerinden dört toparyň gatnaşmagynda iki aýlawda geçirilen AFK-nyň Çempionlar ligasynda «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň topary Kataryň «Al-Garafa» toparyny 4:2 hasabynda ýeňdi. Aziýada geçirilen bu abraýly topar ýaryşyň ilkinji duşuşygynda 2015-nji ýylda geçirilen AFK-nyň Çempionlar ligasynyň finalçysy, BAE-den bürünç medal gazanan «Şabab Al-Ahli» topary bilen deňme-deň oýnady – 1:1. Alty duşuşygyň netijelerine esaslanyp, «Ahal» topary 4 utuk bilen 4-nji ýeri eýeledi, «Al-Garafa» topary (5 utuk), «Şabab Al-Ahli» topary (10 utuk) we Eýranyň «Folad» topary (12 utuk).

2023-nji ýylda «Ahal» topary ikinji gezek AFK-nyň esasy topar ýaryşyna gatnaşyp, «A» toparçada çykyş etdi. Ol ýerde onuň garşydaşlary «Al-Ain» (BAE), «Al-Faýha» (Saud Arabystany) we «Pahtakor» (Özbegistan) toparlary boldy. Netijede «Ahal» topary 4-nji orny eýeledi.

Şu ýylky AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyry, öňki AFK-nyň Kubogy ady bilen tanalýan ýaryş, 22 döwletiň 32 toparynyň gatnaşmagynda geçiriler. Olar geografik taýdan iki zolaga – Günbatar we Gündogar zolagyna bölüner.

«Günbatar» zolagy

«A» toparçada: «Al-Wasl» (BAE), «Esteghlal» (Eýran), «Al-Muharrak» (Bahreýn), «Al-Wehdat» (Iordaniýa).

«B» toparçada: «Al-Ahli» (Katar), «Andijan» (Özbegistan), «Arkadag» (Türkmenistan), «Al-Haldiýa» (Bahreýn).

«C» toparçada: «Fulad Mobarake Sepahan» (Eýran), «Al-Husseýn» (Iordaniýa), «Mohun Bagan Super Gigant» (Hindistan), «Ahal» (Türkmenistan).

«D» toparçada: «Al-Nasr» (Saud Arabystany), «Al-Zawraa» (Yrak), «Istiklol» (Täjigistan), «Goa» (Hindistan).

«Gündogar» zolagy

«E» toparçada: «Pekin» (Hytaý), «Makartur» (Awstraliýa), «Taý Po» (Gonkong), «Kong An Hanoi» (Wýetnam).

«F» toparçada: «Gamba Osaka» (Ýaponiýa), «Nam Dinh» (Wýetnam), «Ratçaburi» (Taýland), «Eastern» (Gonkong).

«G» toparçada: «Bangkok United» (Tailand), «Selangor» (Malaýziýa), «Lion City Sailors» (Singapur), «Persib Bandung» (Indoneziýa).

«H» toparçada: «Pohang Steelers» (Koreýa Respublikasy), «BG Pathum United» (Tailand), «Kaya FC–Iloilo» (Filippinler), «Tampines Rovers» (Singapur).

Toparçalaýyn tapgyryň duşuşyklary 2025-nji ýylyň 16-njy sentýabry bilen 24-nji dekabry aralygynda geçiriler. Her topar üç duşuşygy öýünde, üçüsini bolsa myhmançylykda geçirer. Her toparçadan ilkinji iki orny eýelän topar 1/8 finala çykar.

1/8 finalynyň duşuşyklary 2026-njy ýylyň 10 – 19-njy fewraly aralygynda geçiriler. Çärýek final duşuşyklary 3 – 12-nji martda, ýarym final duşuşyklary 7 – 15-nji aprelde, final duşuşygy bolsa 16-njy maýda geçiriler.

turkmenistan.gov.tm

15.08.2025