TÜRKMEN TENNISÇILERI TAILAND PATYŞALYGYNDA GEÇIRILEN HALKARA ÝARYŞDA ÜSTÜNLIK GAZANDYLAR

Tailand Patyşalygynyň uly Bangkok sebitiniň düzümine girýän Nonthaburi welaýatynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen halkara tennis ýaryşynda türkmen tennisçileri ýaryş maksatnamasynyň üç görnüşinde altyn medallara we bir bürünç medala mynasyp boldular.

Ýaryşlar Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) howandarlygynda geçirildi. Oňa 12 ýurtdan, şol sanda Awstraliýadan, Wýetnamdan, Gonkongdan, Hindistandan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Koreýa Respublikasyndan, Saud Arabystany Patyşalygyndan, Singapurdan, Tailanddan, Türkmenistandan hem-de Şri-Lankadan 14 ýaşa çenli tennisçiler gatnaşdylar.

Bu halkara ýaryşda 13 ýaşly Ali Geldiýew türkmen toparynyň gazanan iki altyn medalynyň eýesi boldy. Ýaş olimpiýadaçylary taýýarlaýyş mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Ali Geldiýew, ilki bilen, şahsy çykyşda ýeňiş gazandy, soňra bolsa jübütlikde 14 ýaşly A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Kerimgeldi Guldurdyýew bilen bilelikde üstünlikli çykyş etdi.

Ilkinji iki duşuşykda Ali Tailandly türgenler F.Kowitwattanaçaýy – 6:0, 6:2 we Denis Khiawraksy – 6:0, 6:4 hasabynda ýeňdi. Çärýek finalda hytaýly Lýu Çžan bilen duşuşyp, ony 6:0, 6:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýarym finalda ikinji belgili Saud Arabystanly Ahmad Sarujini 6:2, 6:1 hasap bilen ýeňdi. Finalda bolsa ilkinji orundaky Gonkongly Şiwa Mohanany 6:3, 6:1 hasabynda ýeňip, ýaryş münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy.

Bu üstünlik Lebap welaýatynyň tennis mekdebiniň okuwçysynyň halkara derejesindäki ilkinji üstünligi däldir. 2023-nji ýylda Aşgabatda geçirilen 12 ýaş we ondan kiçi türgenleriň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýanyň birinjiliginiň Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň düzüminde çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy. Geçen ýylda bolsa Katar döwletiniň Doha şäherinde geçirilen 14 ýaş we ondan kiçi türgenleriň arasynda 3-nji Aziýa ýaşlar tennis ýaryşynda şahsy çykyşda Ýunus Annamyradow bilen jübütlikde çykyş edip, iki altyn medala mynasyp boldy.

Tailand Patyşalygynda geçirilen halkara ýaryşda jübütleýin çykyşda Ali Geldiýew bilen Kerimgeldi Guldurdyýew ilkinji duşuşykda Şri-Lankaly türgenler Abdul Kader we Rewaan Amarasinghe garşy oýnap, 7:5, 6:2 hasabynda ýeňiş gazandylar. Çärýek finalda olar Saud Arabystanly Anas Alzahrani bilen Ahmad Sarujini 6:1, 6:1 hasap bilen ýeňdiler. Ýarym finalda ilkinji orundaky doganlar Kowitwattanaçaýlary 6:1, 6:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler. Finalda dördünji belgili çykyş eden Tailandly türgenler Denis Khiawraks bilen S.Laoamornpaniç garşy oýnap, 7:5, 6:4 hasap bilen ýeňiş gazandylar.

Türkmenistanyň ýygyndy toparyna ýene bir altyn medaly gazanan türgen dördünji belgili 13 ýaşly Aýlara Kakabaýewa. Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Aýlara Kakabaýewa halkara ýaryşda şahsy çykyşda bäş duşuşykda ýeňiji boldy. Ilki bilen, Amata Ýingwiriýa (Tailand) – 6:2, 6:1 hasap bilen ýeňdi. Soňra I.Deşasate (Tailand) – W.O. (garşydaşy oýna gatnaşmady), Çen Ilin (Hytaý) – 7:5, 6:0, Lam Çeuk (Gonkong) – 6:3, 6:2 hasap bilen ýeňdi. Finalda bolsa ilkinji orundaky Tailandly P.Daungkhlaw bilen duşuşyp, 1:6, 6:1, 3:0 Retdi (geçirilen setden soň garşydaşy oýny dowam etdirmedi) hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzümindäki A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Anna Ponýatowa ýaryşda bürünç medala mynasyp boldy. Üçünji orun ugrunda geçirilen duşuşykda ol Gonkongly Lam Çeuka garşy oýnap, 4:1, 3:5, 4:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Geçen ýyl Türkmenistana gysga möhletli sapar bilen gelen Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) prezidenti Ýuriý Polskiý Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň alyp barýan işine ýokary baha berdi. Onuň bellemegine görä, bu ösüşiň aýdyň mysaly hökmünde 2023-nji ýylda Aşgabatda geçirilen 12 ýaş we ondan kiçi türgenleriň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýanyň birinjiliginde Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň gazanan netijesi görkezilýär. Şol ýaryşda Türkmenistanyň topary ilkinji gezek Özbegistanyň ýygyndy toparyny ýeňip, ilkinji gezek final tapgyryna çykdy. Bu tapgyr Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirildi. Şu ýyl bolsa şeýle üstünlik gyzlaryň ýygyndy topary tarapyndan gaýtalandy. Olar Fergana şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň birinjiliginde üstünlik gazanyp, ilkinji gezek Singapurda geçiriljek Aziýanyň 12 ýaşa çenli ýetginjekleriň toparlaýyn birinjiligine gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Aşgabat şäherindäki 42-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Ilima Guseýnowa şu günler Almaty şäherinde geçirilýän Günbatar we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň 16 ýaş we ondan kiçi türgenleriň arasynda Roland Garros çempionatynyň saýlama ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, ýarym finala çenli ýetdi.

Indi türkmenistanly ýaş tennisçiler bu gezek Tailand Patyşalygynda geçirilen halkara ýaryşlarda ýene bir üstünlik gazandylar.

turkmenistan.gov.tm