Türkmenistanda Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) ýokary derejeli tennisçiler üçin «Level 2» sebitleýin tälimçilik okuwlary tamamlandy. Tälimçilik okuwlar Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda geçirildi. Hut şu ýerde 2020-nji ýylda tälimçileri taýýarlamak boýunça başlangyç derejeli «Play tennis» okuw sapaklary, 2023-nji ýylda bolsa «Level 1» ýokary derejeli tälimçilik okuw sapaklary geçirilipdi. Indi bolsa bu ýerde ilkinji gezek ITF-niň hünärmen derejesindäki «Level 2» sebitleýin okuwlary geçirildi. Munuň özi, türkmen tennis toplumynyň Aziýa sebitinde «Okuw-türgenleşik merkezi» derejesini almagy bilen baglydyr. Degişli şahadatnama 2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde geçirilen dabaraly çärede Aziýada tennisiň ösüşi boýunça ITF-niň wekili Seýedamyr Borgheý tarapyndan gowşuryldy.
ITF «Level 2» derejesindäki tälimçilik okuwlaryna 15 tälimçi gatnaşdy – olaryň 11-si Türkmenistandan, galan 4-si bolsa Bahreýnden, Iordaniýadan, Saud Arabystanydan we Özbegistandan. Olar ýokary derejeli tennisçileri taýýarlamak boýunça öz hünär derejesini ýokarlandyrmaga ajaýyp mümkinçilik aldylar. Okuwlaryň sapaklaryny Halkara tennis federasiýasynyň tanymal hünärmenleri – Eýrandan Seýedamyr Borgheý we Özbegistandan Igor Şelýakin geçirdiler.
12 günüň dowamynda gatnaşyjylar ITF-niň onlaýn akademiýasy arkaly 37 sany sanly-okuwlary tamamlap, kortda amaly oýunlar, aýratyn we toparlaýyn sapaklary geçirmek, synaglar we düzme ýazmak boýunça bäş sany synaga gatnaşmaga hukuk gazandylar. Eger-de olar bu synaglardan üstünlikli geçseler, onda olara halkara derejesindäki «Level 2» şahadatnamasy gowşurylar. Bu bolsa olaryň ýokary taýýarlyk derejesine eýedigini tassyklaýar we iri halkara ýaryşlarynda türgenlere wekilçilik etmek hukugyny berýär. Şol bir wagtyň özünde-de, tälimçiler öz hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin uly bilim binýadyny hem alýarlar.
– Halkara tennis federasiýasy üstünlikli tennisçileri taýýarlaňda üç «c» – kort (court), tälimçi (coach), bäsleşik (competitions) hökmany bolmalydygyny belleýär. Eger-de bu üçüsiniň ählisi bar bolsa, onda ýokary derejeli tennisçileriň ýüze çykmagy mümkin. Hut şu sebäpden, biz häzirki wagtda tälimçi taýýarlygyna uly ähmiýet berýäris – diýip, Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy, Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) wise-prezidenti Eziz Döwletow okuwyň dowamynda belledi.
Onuň sözlerine görä, ýylda Türkmenistanda tennis bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Olaryň abraýly ýaryşlara gatnaşmaklaryny üpjün etmek üçin bolsa hünärmen tälimçileri taýýarlamak möhümdir.
– ITF «Level 2» okuw sapaklaryň iki hepdelik döwründe biziň tälimçilerimiz uly bilim we tejribe topladylar. Indi olar bu bilim bilen has ýokary derejeli türgenleri taýýarlap bilerler. Şu ýylyň soňuna çenli biz «Level 2» derejesindäki tälimçileriň ýeterlik toparyna eýe bolarys. Bu bolsa diňe bir paýtagtda däl, eýsem, welaýatlarda-da tennisiň has giň gerim bilen ösmegine ýol açar – diýip, E.Döwletow nygtady.
Şeýle-de, häzirki wagtda Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň bilim ulgamynyň Halkara tennis federasiýasy tarapyndan tassyklanandygyny belläp geçdi. Bu bolsa Türkmenistanyň Tennis federasiýasyna «Play tennis» okuw sapaklaryny özbaşdak geçirmäge we ITF-niň adyndan şahadatnamalary gowşurmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Tennis federasiýasy Aziýa sebitindäki «Okuw-türgenleşik merkezinde» 2025-nji ýylyň 28 – 31-nji awgusty aralygynda başlangyç derejeli tälimçiler üçin «Play tennis» okuwlaryny geçirmegi meýilleşdirýär. Bu okuwlaryň mugallymlary hökmünde «Level 2» derejesindäki hünärmen tälimçi Miraly Gasanow we «Level 1» derejesindäki tälimçi Aleksandr Şleýkin çykyş eder. A.Şleýkin birnäçe ýyllap Dewis Kubogynyň ýaryşlarynda Türkmenistanyň erkekler ýygyndysynyň kapitany bolup çykyş etdi. Häzirki wagtda bolsa köp sanly ýaş tennisçilere tälimçilik edýär.
turkmenistan.gov.tm