«ARKADAG» TOPARY «ŞAGADAM» TOPARYNY ÝEŇIP, TÜRKMENISTANYŇ ÇEMPIONATYNDA ÖŇBAŞÇYLYGYNY HAS-DA PUGTALANDYRDY

Ýokary liganyň toparlarynyň arsynda geçirilýän 2025-nji ýylyň futbol boýunça Türkmenistan çempionatynyň 18-nji tapgyry Aşgabadyň, Balkanabadyň we Türkmenbaşynyň stadionlarynda geçirilen üç duşuşyk bilen başlandy.

Ýurdumyzyň iki gezek çempiony bolan «Arkadag» topary bu tapgyrda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» toparynyň myhmany boldy. AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýeňijisi bolan «Arkadag» toparynyň güýçli hüjümlerini ýer eýeleri 42-nji minudyna çenli saklamagy başardylar. Şeýle-de bolsa arakesmä çenli gysga wagtyň içinde meýdançanyň eýeleri derwezelerine üç gol geçirdiler. Olar: Mekan Saparow (42-nji minut), Didar Durdyýew (45+1) we Begenç Akmämmedow (45+3).

Duşuşygyň ikinji ýarymy başlan badyna – 46-njy minutda Didar Durdyýew duşuşykdaky ikinji pökgüsini geçirdi. Diňe duşuşygyň ahyrynda «Şagadam» topary abraýly gol bilen jogap berdi – 86-njy minutda Mekan Aşyrow tapawutlandy. Ol häzirki wagtda çempionatyň hüjümçileriň ýaryşynda 8 gol bilen öňde barýar (şolaryň 1 – 11 metr jerime urgy). Häzirki wagtda «Arkadag» toparynyň üç futbolçysy hüjümçileriň ýaryşynyň sanawynda ilkinji üç ornuny eýeleýär: Didar Durdyýew – 18 gol (1 – 11 metr jerime urgy), Begenç Akmämmedow – 17 gol (1 – 11 metr jerime urgy), Altymyrat Annadurdyýew – 13 gol (1 – 11 metr jerime urgy).

«Şagadam» topary bilen duşuşykda 4:1 hasabynda ýeňiş gazanan «Arkadag» topary 57 utuk bilen çempionatyň öňbaşçylygyny has-da pugtalandyrdy. «Ahal» topary öňbaşçydan 26 utuk yzda galýar, ýöne onuň 4 duşuşygy kem. 29 utuk bilen «Şagadam» we «Altyn asyr» toparlary 3-nji we 4-nji orunlary paýlaşýarlar. «Altyn asyr» toparyň hem bir oýny kem.

19 utuk bilen 5-nji ýerde duran «Nebitçi» topary öz meýdançasynda Marynyň «Merw» toparyny 1:0 hasaby bilen ýeňdi. Bu ýeňşi Serdar Tukiýew duşuşygyň 3-nji minudynda geçiren goly üpjün etdi.

Balkanabat toparyndan 2 utuk yzda galýan «Aşgabat» topary myhmançylykda «Köpetdag» toparyny ýeňlişe sezewar etdi. Bu duşuşykda ýeňişi «Aşgabat» toparyna 62-nji minutda öň «Ahal» toparynda oýnan Begmyrat Baýowyň ajaýyp urgusy getirdi.

18-nji tapgyr «Ahal» bilen «Altyn asyr» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bilen tamamlanar. Bu duşuşyk Türkmenistanyň wise-çempiony «Ahal» toparynyň AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň saýlama ýaryşynda Täjigistanyň «Regar-TadAZ» toparyny 2:1 hasabynda ýeňmeginden soň ilkinji duşuşygy bolar.

turkmenistan.gov.tm