«ALTYN ASYR» TOPARY «AHAL» TOPARYNDAN ÝARYŞ TERTIBINDE ÖŇE GEÇMEK MÜMKINÇILIGINI ELDEN GIDIRDI

Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän 2025-nji ýylyň futbol boýunça Türkmenistan çempionatynyň 18-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda paýtagtymyzyň «Altyn asyr» topary bilen «Ahal» topary 0:0 hasabynda deňme-deň oýnadylar.

Duşuşyk Aşgabat şäherindäki «Nusaý» stadionynda geçirildi.

Bu ýurdumyzyň milli çempionatynda medallar ugrunda göreşýän esasy garşydaşlaryň üçünji duşuşygy boldy. Myhmançylykda geçirilen ilkinji duşuşykda «Altyn asyr» topary 83-nji minutda Ruslan Täjiýewiň dürs urgusy bilen 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Ikinji duşuşykda bolsa «Altyn asyr» topary öz meýdançasynda 3:1 hasaby bilen üstün çykdy.

Üçünji duşuşykdan öň toparlar ýaryş tertibinde ýanaşyk ýerleşýärdiler. Duşuşykdan öň «Altyn asyr» topary «Ahal» toparyndan 2 utuk yzda gelýärdi we ýeňiş gazanan ýagdaýynda ikinji orna çykmak mümkinçiligine eýe bolardy.

Netijede, toparlar deňme-deň oýnap, hersi bir utuk aldylar we ýaryş tertibindäki orunlaryny saklap galdylar: «Ahal» topary 16 duşuşykdan soň 32 utuk bilen ikinji orunda, «Altyn asyr» topary bolsa 18 duşuşykdan soň 30 utuk bilen üçünji orunda ýerleşýär.

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda «Arkadag» topary öňdäki ornuny berk saklaýar. Topar 19 duşuşykdan soň 57 utuk bilen çempionatyň öňbaşçysy bolup durýar.

Hüjümçileriň arasynda hem ýagdaý üýtgemedi. Bu sanawyň ilkinji üç ornuny «Arkadag» toparynyň futbolçylary eýeleýärler: Didar Durdyýew – 18 gol (1 – 11 metr jerime urgy), Begenç Akmämmedow – 17 gol (1 – 11 metr jerime urgy) we Altymyrat Annadurdyýew – 13 gol (1 – 11 metr jerime urgy).

turkmenistan.gov.tm