Sport ýaşlaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmegine hem täsir edýär. Toparlaýyn sport görnüşlerinde ýaşlar özara hyzmatdaşlygy, dostlukly gatnaşyklary we biri-birine hormat goýmagy öwrenýärler. Şeýle-de sport arkaly ýaşlar ýeňiş gazanmagyň hözirine, ýeňilmegiň bolsa tejribe hökmünde ähmiýetine düşünýärler.
Sport diňe bir saglygy berkidýän we güýji artdyrýan hereket däl-de, eýsem ýaşlaryň jemgyýetde öz ornuny tapmagyna, ruhy taýdan ösüşine hem täsir edýän güýçdir. Ýaşlar sport arkaly tertip-düzgünli bolmagy, wagtyny dogry peýdalanmagy öwrenýärler. Çünki türgenleşiklere dowamly gatnaşmak, maksada ýetmek üçin yhlas etmek, sabyrlylyk görkezmek ýaşlaryň gündelik durmuşynda hem peýdaly endiklere öwrülýär.
Şeýle hem sport ýaşlaryň watansöýüjilik duýgusyny hem güýçlendirýär. Ýurt derejesinde geçirilýän ýaryşlarda çykyş etmek, ýeňiş gazanmak ýa-da öz ýurdunyň baýdagyny halkara ýaryşlarynda ýokary galdyrmak ýaşlaryň milli buýsanjyny artdyrýar.
Şeýlelikde, sport ýaşlaryň diňe sagdyn bedenli bolmagyna däl, eýsem ruhy taýdan güýçlenmegine, jemgyýetde ornuny tapmagyna we beýik maksatlara ýetmegine ýol açýar. Ýaşlaryň arasynda sportuň giňden ornaşmagy bolsa geljekde sagdyn nesliň kemala gelmeginiň kepilidir.
Röwşen MAKSATMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň
Umumy bölüminiň müdiri.