Şu günki gün Garaşsyz Türkmenistanyň sport babatda ýeten belent derejeleri döwletimiziň sport diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny görkezýän buýsançly hakykatdyr.
Türkmenistanyň sport diplomatiýasy bir wagtyň özünde ýurdumyzyň içeri hem-de daşary syýasatda, halkara gatnaşyklary ulgamynda alyp barýan işlerini bir bitewi ulgama jemleýän ugurdyr. Oňa jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ilaty, hususan-da ösüp gelýän ýaş nesli köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta giňden çekmek, bedenterbiýäniň we sportuň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek, ýurdumyzy iri halkara sport bäsleşikleriniň geçirilýän ýerine öwürmek ýaly onlarça asylly maksatlar we ugurlar degişlidir.
Gözel paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we welaýat, etrap merkezlerimizde, şäherlerimizde gurlup ulanylmaga berilýän sport desgalarynda halkara derejeli iri sport ýaryşlarynyň, bäsleşikleriniň, çempionatlaryň we Kuboklaryň kabul edilmegi dünýä sport jemgyýetiniň ünsüni yzygiderli özüne çekýär. Munuň özi Türkmenistanyň dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary üçin hemişelik açyk gapysynyň, mizemez dostlugynyň aýdyň beýanydyr. Bu aýdyň alamatlar dünýä ýaşlarynyň sport arkaly özara dostlaşmagyna we netijede dünýäde parahatçylygyň, agzybirligiň we jebisligiň berkarar bolmagyna tarap ädilýän ynamly ädimdir.
Hakmyrat KIŞJIKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
«Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň başlygy.