«MILLI MEDENI MIRASYMYZA BELENTDIR SARPA»

Şeýle şygar bilen şu gün Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde guramagynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa Arkadag şäherinde zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.

Duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri Umyda Kakaýewa alyp bardy we onda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktorynyň orunbasary Käkilik Öwezberdiýewa, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň baş gazna saklaýjysy Mähri Atdaýewa, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bölüm müdiri Söýün Sähetgylyjow hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Beýzaly Ataýew dagy Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk ýoluny mynasyp alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, däp-dessurlarymyzy dikeltmekde, gorap saklamakda we geljekki nesillere miras galdyrmakda alnyp barylýan işler dogrusynda täsirli çykyşlary etdiler.

Ahmet GYŞYKOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar