ÖZÜŇ BOL!
Adamzat ähli döwürlerde adaty däl düşünmek ukybyna eýe bolmagyň, kämilleşmegiň, ösmegiň, ýokary wezipä ýetmegiň, maliýe taýdan azat bolmagyň, baýamagyň, şahsy durmuşda we işde üstünlik gazanmagyň ýollaryny gözläpdir. Mark Awreliý bu barada: «Sen geljekde nähili durmuşda ýaşamak isleýän bolsaň, şu günden şol durmuşda ýaşamaga başlamaly» diýip belleýär. Aýdaly, siz özüňizi has uly üstünlige ýetmäge ukyply görýärsiňiz. Bu barada arzuw edýärsiňiz, emma gündelik aladalar we dürli ýagdaýlar bilen başagaýlyk ýa-da köp ýagdaýlarda başlap, başa barmadyk işiňiz üçin sussupeslige uçraýarsyňyz. Şeýle ýagdaýlarda nähili hereket etmeli?! Ýaşlar ilki bilen üstünligiň we bagtyň formulasyny tapmak isleýärler. Emma bular ýaly formula ýok. Soňra bolsa gündelik gabat gelýän meseleleri çözmegiň ýollaryny gözleýärler. Ýöne bu gezegem ýaşlaryň tamasy çykmaýar. Çylşyrymly meseleleri çözmäge derek üstünlik gazananlaryň we ýeňijileriň kanunyny, olaryň pikirleniş usulyny hem-de olaryň öwrenen we amal eden tärlerini öwrenmeli.
Ýeňijileriň öz kanunlary, durmuş pelsepeleri olaryň durmuşyny dolandyrýar. Bu ýörelgeleri kabul eden ýagdaýyňyzda siz öz durmuşyňyzy kämilleşdirip bilersiňiz. Elbetde, hemişe ýeňijileriň durmuş ýörelgeleri bilen ýaşamak aňsat däldir. Ýöne siz olary amal etmäge ýeterlik derejede güýçlüdigiňizi biliň. Siz islendik wagt öz durmuşyňyzy üýtgedip bilersiňiz. Üstünlik siziň pikir edişiňiz ýaly şowlulyga bagly däldir. Ol siziň anyk pelsepelerde emele gelýän durmuşyňyzyň ýaşaýyş görnüşiniň netijesidir. Köpler özüni «ejir çekdirilen» saýýarlar. Hakykatda bolsa, bu biziň özümize bagly. Çünki ähli zat biziň şu wagtky ýagdaýlary nähili peýdalanýandygymyza baglydyr. Biziň her birimiziň üstünlik gazanmaga we ýeňiji bolmaga mümkinçiligimiz bar. Eger islesek bu tilsimleri öz durmuşymyzda şu günden ornaşdyryp bileris. Bu usullar bizi ýeňişlere ruhlandyrar. Geliň, öz maksatlarymyzy hakykata öwreliň! Özümiziň adaty durmuşymyzy ýagty wakalar bilen bezäliň! Geliň özümiz bolalyň!
KARAR AL!
Adamlara islendik zat boýunça karar almak aňsat däl. Töwekgelçilik bar bolsa has hem kyn. Bizi näbellilik gorkusy saklaýar. Köp zady üýtgetmeli bolmagymyz mümkin, adaty durmuşy, dostlarymyzy, tanyşlarymyzy. Esasy üýtgeşme bolsa biziň öz içimizde,ruhumyzda bolup geçýär. Ýatda saklaň! Islendik ösüş, islendik üýtgeşme karar çykarmakdan başlanýar. Nädogry karar çykarmak ähtimallygymyz köpdür. Ynsan uýgunlaşan ýerini taşlap, näbellilik bilen garşylaşmakdan gorkýar. Ýöne şol ädim ösüş gazanmagymyza mümkinçilik berip biler. Bu biziň iň uly mümkinçiligimizdir. Islendik çözgüt alnanda belli bir netije saýlanylyp, beýleki ähli mümkinçiliklerden ýüz döndürilýär, ýagny siz bilkastlaýyn islendik başga mümkinçilikden boýun gaçyrýarsyňyz. Siz häzirki wagtda bar bolan zada ýapyşmagy dogry hasaplamagyňyz mümkin. Emma siz ähli täze mümkinçiliklerden ýüz öwürýärsiňiz. Bu bolsa siziň has gowy durmuş baradaky arzuwlaryňyzdan uzaklaşýandygyňyzy aňladýar. Emma siz öz maksatlaryňyza, arzuwlaryňyza bar güýjüňizi, kuwwatyňyzy, ymtylyşyňyzy bagyş edip bilersiňiz. Geçmişe ýapyşyp, arzuwlara ymtylyp bolmaýar. Siz ýa adaty durmuşyňyzdan, ýada arzuwlaryňyzy durmuşa ornaşdyrmakdan uzaklaşmaga mejbur bolarsyňyz. Geçmişi ýa-da gowy durmuş üçin mümkinçiligi saýlamak biziň öz elimizde. Ýatda saklaň!Islendik üýtgeşme karar almakdan başlanýar.
Durmuşda käbir adamlar ömri boýunça şol bir kär bilen meşgullanmalymyka öýdýärler. Adamlaryň aglaba bölegi kärlerini ýaşlykda köp zatlary düşünmeýän wagtlarynda saýlaýarlar. Olar belki dogry ýa-da nädogry karar alandyrlar. Ilki bilen, meşgullanýan käriňiziň size ýarap-ýaramaýanlygyna karar beriň. Çünki her gün ýigrenýän käriňiz bilen meşgullanmakdan durmuş has gysgadyr. Belki, siz kimdir biriniň arzuw edýän ýerini saklaýansyňyz.
Şeýle-de käbirleri karary soň bir gün hem alsaň bolýandyr öýdýärler. Karary soň alaryn diýýänler, köplenç, özüne bolan ynamyny ýitirýärler. Aslynda, karar almakdan boýun gaçyrmak diýlen düşünje ýokdur. Sebäbi siz karar almak islemeýän hem bolsaňyz, aslynda hemme zadyň öňküligi ýaly galmagy barada karar aldygyňyzdyr. Başgaça aýdanyňda, hiç zady çözmezlige karar alýarsyňyz. Bular ýaly ýagdaý bolsa ägirt uly energiýany sarp etdirýär. Bu ýagdaý sizi basýar we erkin hereket etmekden mahrum edýär. Maksadyňyzy eskalator basgançagy ýaly göz öňüne getirseňiz, hemişe hereketde bolup, ol sizden uzaklaşýar. Eger siz ýene azajyk karar almagy gijikdirseňiz, ol ýetip bilmejek ýeriňize ýeter.
ÜSTÜNLIK GAZAN!
Geçmişinden aýrylyşyp bilmedik adam, has gowy durmuşdan ýüz dönderýär. Biziň öňümizde örän wajyp sorag ýatyr: «Biz hakykatda nämä ýetmek isleýäris?». Teodor Ruzwelt: «Durmuşlarynda ýeňiş-ýeňlişe orun bolmadyk we şatlyk, gynanç duýgularyny datmaýan adamlaryň hatarynda bolanyňdan, hatda köpsanly şowsuzlyga uçramalam bolsa, beýik işler edip, üstünligiň ýokary çägine ýetmäge synanyşmak gowudyr!» diýip belleýär.
Islendik karar kararsyzlykdan has gowudyr. Şonuň üçin özüňizi ýürekden söýmegi, özüňizi sylamagy we çalt karar almagy öwreniň! Çünki karar alýan pursatlaryňyzda siz ykbalyňyzy kesgitleýärsiňiz. Onda geljekde siziň durmuşyňyzda täze adam peýda bolar. Onda siziň jaýyňyzyň we awtoulagyňyzyň açary bolar. Ol siziň öýüňizde ýaşar we siziň saçagyňyzda oturar. Siziň ýeňil bolmadyk zähmetiňiz bilen gazanan we siz üçin gymmatly bolan goşlaryňyzy ulanar. Ol siziň bankdaky hasabyňyzy dolandyrar.Aýna seretseňiz,siz ol ynsany görersiňiz. Hawa, bu siziň özüňiz. Siz şu günki alan kararlaryňyz we äden ädimleriňiz bilen bu adamy emele getirdiňiz.Bu ynsan nähili keşpde bolar, ol nähili ýaşar we näme iş bilen meşgullanar, kim bilen dostluk gatnaşygyny saklar, bagtyýar we rahat durmuşda ýaşap bilermi? Bu soraglaryň jogaplaryny siziň şu günki kararlaryňyz kesgitleýär.
Elmydama dogry kararlar almagyňyzy we şol alan kararlaryňyzyň sizi kämillige, ýokary wezipä ýetirmegini, maliýe taýdan azat bolmaga, şahsy durmuşda we işde üstünlik gazanmaga ýol açmagyny arzuw edýäris!
Begmuhammet MEREDOW, TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.