Talyplyk döwri – ýaşlaryň durmuşyndaky iň möhüm döwürleriň biri bolup, ol hünär öwrenmek bilen bir hatarda, öz şahsyýetini hem kämilleşdirýän wagty hökmünde hem aýratyn ähmiýete eýedir. Bu döwürde talyplaryň bilim almak bilen birlikde, özünde dürli endikleri kemala getirmegi zerurdyr. Çünki häzirki zaman jemgyýeti diňe bir bilimliligi däl-de, eýsem giň dünýägaraýyşly, tertipli, işjeň hem-de özüni dolandyrmagy başarýan şahsyýet bolmagy-da talap edýär.
1. Ylym-bilim endikleri
Ilkinji nobatda talyplaryň üstünlik gazanmagy üçin okuw endiklerini dogry ýola goýmagy zerur bolup durýar. Munuň üçin:
Gün tertibini dolandyrmak – wagty netijeli ulanmak, sapaklara taýýarlyk görmek we dynç alyşy dogry gurnamak.
Okamagy we ýazmagy kämilleşdirmek – ylmy çeşmeler bilen işlemek, konspekt alyp bilmek, maglumatlary seljermek endikleri.
Döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmak – elektron kitaplary, ylmy maglumat bazalaryny ulanmak, sanly gurallardan peýdalanyp gözleg işini alyp barmak.
2. Şahsyýeti kämilleşdirýän endikler
Talyp döwründe şahsy ösüş möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin:
Öz-özüňi tanamak – güýçli we gowşak taraplaryňy seljermek, geljekki ösüş ugruňy kesgitlemek.
Özüňi dolandyrmak –duýgulary gözegçilikde saklamak, sabyrly bolmak.
Öz-özüňe talap goýmak – özbaşdak karar kabul etmek, jogapkärçiligi öz üstüňe almak.
3. Jemgyýetçilik endikleri
Talyp – jemgyýetiň işjeň agzasy. Şonuň üçin ýaşlarda aşakdaky endikleri kemala getirmek möhümdir:
Aragatnaşyk medeniýeti – gatnaşyklarda medeniýetli bolmak, diňlemegi başarýan we hormat goýýan şahsyýet bolup ýetişmek.
Toparda işlemek – pikir alyşmak, hyzmatdaşlyk etmek, umumy maksada gulluk etmek.
Gönüden-göni gatnaşmak – jemgyýetçilik çärelerine, meýletinçilik işlerine gatnaşyp, jemgyýetde işjeň orny eýelemek.
4. Zähmet we ykdysady endikler
Bilim bilen birlikde durmuşda zähmetiň ähmiýetini duýmak zerurdyr. Talyp ýaşlar:
Halal zähmetiň gymmatyny öwrenmeli;
Maliýe sowatlylygyny ösdürmeli;
Geljekki hünäri boýunça başlangyç tejribeleri toplap başlamaly.
5. Ruhy-ahlak endikleri
Durmuşyň ähli ugurlarynda ruhy taýdan kämil, ahlak taýdan arassalyk aýratyn ähmiýete eýedir. Şol nukdaýnazardan:
Watana, ene-ata we jemgyýete wepalylyk;
Milli we umumadamzat gymmatlyklaryna hormat;
Dogruçyllyk, adalatlylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýermek zerurdyr.
Talyplyga kabul edilen ýaşlaryň özünde kemala getirmeli endikleriniň ulgamy giňdir. Oňa agzalan bilim we ylmy iş endikleri, şahsyýet ösüşi, jemgyýetçilik gatnaşyklary, ykdysady sowatlylyk we ruhy-ahlak gymmatlyklary we başgada birnäçe endikler girýär. Şeýle endikleri üstünlikli özleşdiren talyplar diňe bir öz geljegine däl, eýsem bütin jemgyýetiň ösüşine hem hyzmat edip bilerler. Şonuň üçin ýaşlara ähli şertleri döredip, okamaga, öwrenmäge, halal zähmet çekmäge, belent maksatlara ýetmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, beýik tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Röwşen BEGŞADOW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy.