ÇAGA – MAŞGALA, JEMGYÝET, WATAN

Çaga diýmek, maşgala, jemgyýet, Watan diýmek. Jemgyýeti daragt hökmünde göz öňüne getirsek, çagalar şol daragtyň kökleridir. Daragtyň boý almagy, ösmegi, saýa salmagy, miwe bermegi üçin kökleriniň ýaramly, sagdyn bolmagy zerurdyr. Sagdyn maşgaladan sagdyn çagalar kemala gelýär. Şol kemala gelýän çagalar bolsa, geljekde ýene bir täze maşgalanyň binýadyny gurýarlar. Ruhy taýdan sagdyn çagalar ahlak taýdan arassa, kämil jemgyýetiň güwäsidir. Bu günki çagalar ertirki döwleti dolandyrjak jemgyýetiň agzalarydyr. Çagalaryň aňy-düşünjesi näçe tämiz, dury, boldugyça jemgyýetçilik ahlagyna, aňyna oňaýly täsirini ýetirýär. Çagalary terbiýelemek wezipesi ilkinji nobatda maşgaladan başlanýar. “Çaganyň hukuklary hakyndaky” Konwensiýanyň 18-nji maddasynda: “Ata-ene ýa-da degişli halatlarda kanuny howandarlar çaganyň terbiýelenmegi we ösmegi üçin esasy jogapkärçilik çekýär”– diýip, çaganyň terbiýesiniň ilkinji nobatda ata-enäniň jogapkärçiliginde durýandygy halkara hukugynda kepillendirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan beýik özgertmeler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň has eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Ýaş nesli hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek bolsa ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasyny düzýär.

Çagalaryň hukuklarynyň berjaý edilmegi kanunçylygyň möhüm ugrudyr. Şu nukdaýnazardan ugur alsak parahat döwletimizde çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy çygrynda, çaganyň özbaşdak şahsyýet hökmündäki hukuk derejesini tassyklaýan we onuň hemmetaraplaýyn ösmeginiň üpjün edilmegi üçin aýratyn üns berilýär. Bitarap Watanymyzda hereket edýän “Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda”  Türkmenistanyň Kanuny hem aýdanlarymyzy doly tassyklaýar. Bu kanun döwletimiziň çäginde ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň, bosgun bolup durýan adamlaryň çagasyna, ýagny, bosgun çagalara-da degişlidir.

Şeýle hem, Diýarymyzda hereket edýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesiller barada edýän bimöçber aladasynyň ýene bir ýola subutnamasydyr.

Şeýle ajaýyp zamanada ýaş nesiller üçin okamaga, öwrenmäge, halal zähmet çekmäge  ähli mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun! Dünýä dursun, Garaşsyz hem hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dursun! Dünýä dursun, halkynyň, ylaýta-da ýaşlaryň howandary, eşretli zamanaň depesinde ganat ýaýýan bagt guşunyň goşa ganaty Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz dursun!

Seýitmämmet BERDIMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Içeri işler ministrlginiň

institutynyň Kriminalistika kafedrasynyň

mugallymy, polisiýanyň leýtenanty,

Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.