AŞGABATDA TÜRKMEN MEKDEP OKUWÇYLARY MENTAL ARIFMETIKA BOÝUNÇA DÜNÝÄ REKORDUNY GOÝDULAR

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz – bagtly çagalygyň ýurdy. Diýarymyzda çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda geçirilýän «Kids Expo: hemme zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň mysalynda bu aýdylanlara aýdyň göz ýetirmek bolýar.

21-nji awgustda bu halkara gözden geçirilişiň çäklerinde mekdep okuwçylarynyň arasynda Mental arifmetika boýunça bäsleşikler guraldy.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de “Kämil bilim” okuw merkeziniň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşikler ýurdumyzymyň çar künjünden 6-14 ýaşly mekdep okuwçylarynyň 120-e golaýyny bir ýere jemledi. Körpe zehinlerden başga-da, bu bäsleşikleriň hormatly myhmanlarynyň biri Melik Duýar boldy. Ol “Mega Hafyza” guramasynyň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy, MEMORIAD Bütindünýä zehin sportlary Federasiýasynyň esaslandyryjylarynyň biri, şeýle hem halkara derejeli emin bolup durýar.

Bellenen meýilnama laýyklykda, okuwçylar Mental arifmetikanyň Flaş anzan marafony boýunça bäsleşdiler. 45-50 minut dowam eden bäsleşik ýatdan hasaplamak boýunça aýratyn zehinlileri öňe saýlady. Netijede, “Kämil bilim” okuw merkeziniň Türkmenabat şäherindäki şahamçasynyň diňleýjileri 12 medal, paýtagtymyzdaky merkeziniň diňleýjileri 7 medal, Balkanabat şäherindäki şahamçasynyň diňleýjileri 2 medal gazanmagy başardylar. Ýaryşda Mary şäherindäki “Altyn Göreç” hem-de Baýramalydaky “Bilim güzeri” okuw merkezleriniň diňleýjileri 1 medal gazandylar. Şunda Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiniň okuwçysy Mekan Nurgeldiýew, Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň okuwçysy Aly Oraşow, Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 9-njy orta mekdebiniň okuwçysy Aýgül Ýusupowa aýratyn tapawutlanmagy başardy.

Ýatdan hasaplamak bäsleşikleriniň çäklerinde ýurdumyzyň zehinli okuwçylary mental arifmetikanyň 3 görnüşi boýunça dünýä rekorduny goýdular.

1. Çalt Flaş Anzan. Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi Aly Oraşow 0,3 sekunt tizlik bilen çalşyp duran 150 sany 2 belgili sanlary goşmak boýunça öz ukyby görkezdi. Yzygiderli 5 gezek dogry netije görkezen Aly dünýä rekorduny goýmagy başardy.

2. Iň çalt ýatdan goşmak. Türkmenabat şäherindäki 38-nji orta mekdebiň okuwçysy, Rowaç Begenjow 100 sany 1 belgili sanlary dogry goşup, yzygiderli 3 gezek dogry netije görkezdi. Şeýlelikde, Rowaç dünýä rekorduny goýmagyň hötdesinden geldi.

3. Iň çalt ýatdan köpeltmek. Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi Mekan Batyrow 8 belgili sanlary 8 belgili sanlara 10 gezek ýatdan çalt we dogry köpeltmek boýunça dünýä rekorduny goýdy.

Bäsleşikleriň ahyrynda oňa gatnaşanlara we ýeňijilere guramaçylar tarapyndan ýadygärlik höweslendiriji sowgatlar we Hormat hatlary, şeýle hem dünýä rekorduny goýan türkmen mekdep okuwçylaryna MEMORIAD Bütindünýä zehin sportlary Federasiýasynyň degişli serfikatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Gazanylan üstünlikler ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek we ony dünýä derejesine çykarmak boýunça alnyp barylýan ägirt uly işleriň aýdyň netijesidir.

Döwrangeldi GAÝYPGULYÝEW,

Žurnalist.