SANLY BILIM — GELJEGIŇ AÇARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy, ýaş nesliň döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi aýratyn ähmiýetli meseleleriň biri hökmünde öňe sürülýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli künjeginde sanly bilim mümkinçilikleri giňeldilip, okuwçylara we talyplara dünýä tejribesi bilen ýakyndan tanyşmaga giň ýol açylýar.

“Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy boýunça bilim ulgamyndaky işler utgaşykly alnyp barylýar. Bilim ulgamyna dünýäniň ýokary standartlaryny yzygiderli ornaşdyrýan Türkmenistan ynsanperwerlik ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri  bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. Ýurdumyzda bilim ulgamynda dünýäniň oňyn tejribesi içgin öwrenilýär, daşary ýurtlaryň bilim we ylym merkezleri bilen gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär.

Sanly bilim, ilkinji nobatda, wagty we ýeri çäklendirmeýän mümkinçilikdir. Okuwçy ýa-da talyp öýünde, kitaphanada ýa-da hat-da ýolda hem dürli derslerden sapaklary onlaýn görnüşinde alyp bilýär. Bu bolsa bilim almagyň elýeterliligini we tizligini üpjün edýär.

Şeýle hem sanly bilim maglumatlaryň baý çeşmesini hödürleýär. Elektron kitaphanalar, wideo sapaklar, interaktiw synaglar we dürli tejribelik okuw meýilnamalary ýaşlaryň döredijilik başarnyklaryny ösdürýär.

Ýurdumyzda sanly bilimiň giň gerime eýe bolmagy täze hünärleriň peýda bolmagyna, ýaşlaryň maglumat tehnologiýalary ugurlaryndan başlap, innowasion tehnologiýalara çenli giň ukyplar bilen ýetişmegine mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, döwrebap bilim ulgamynyň sanly esasda ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysady ösüşine hem öz oňyn täsirini ýetirýär.

Bilbil JUMAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Türkmengala etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Awgust 2025 | 35 okalan

SANLY BILIM — GELJEGIŇ AÇARY

20 Awgust 2025 | 28 okalan

MANYLY ÖMÜR NESILLERE NUSGALYKDYR

20 Awgust 2025 | 29 okalan

AWAZA – HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ MERKEZI