MANYLY ÖMÜR NESILLERE NUSGALYKDYR

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň Daşoguz welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleriniň many-mazmunyny, terbiýeçilik ähmiýetini giňden wagyz etmek maksady bilen «Manyly ömür nesillere nusgalykdyr» atly maslahat çäresi geçirildi.

Maslahatda Daşoguz welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçylary hem-de jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň ýaşlarymyzy terbiýelemekde örän uly gollanma bolup durýandygyny uly buýsanç bilen bellediler.

Maslahatyň dowamynda Daşoguz welaýat kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň sergisi guraldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Jennet ÖRÄÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Awgust 2025 | 35 okalan

SANLY BILIM — GELJEGIŇ AÇARY

20 Awgust 2025 | 30 okalan

MANYLY ÖMÜR NESILLERE NUSGALYKDYR

20 Awgust 2025 | 29 okalan

AWAZA – HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ MERKEZI