BELET KOMPANIÝASY AŞGABATDAKY KIDS EXPO 2025 SERGISINDE

Ýakynda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde. Halkara kids Expo 2025 «Hemme zat çagalar üçin» atly sergi ýarmarkasy gecirildi. Bu başlangyjyň esasy maksady Türkmenistanyň ýaş neslini döredijilige, sungata höweslendirmekdir. Bu ýerde esasy gurallar hökmünde türkmen dili, medeni miras we döredijilik aýratynlygy öňe sürülýär.

Belet kompaniýasy21-23-nji awgust aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde geçirilýän «Kids Expo 2025 — Hemme zat çagalar üçin» atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasyna gatnaşmak bilen, çagalar we ulular üçin kino we multfilmleriň seslendirme (dublýaž) sungatynda özüni synap görmäge özboluşly mümkinçilik döredýär.

Belet kompaniýasy ýörite sergi üçin Belet ses ýazgy studiýasy bilen enjamlaşdyrylan diwarlygyny taýýarlady. Bu ýerde çagalar we uly ýaşly myhmanlar seslendirme işine gönimel gatnaşyp, öz seslerini ekranda diňläp, ekranyň aňyrsyndaky döredijilik dünýäsi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Her bir gatnaşyjy özüni keşpleri seslendirýän hakyky aktýor hökmünde duýmak mümkinçiligine eýe bolýarlar.

Ogulgurban SAPARDURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk

etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar