«KIDS EXPO: ÄHLI ZAT ÇAGALAR ÜÇIN» ATLY HALKARA SERGI-ÝARMARKASYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

Mälim bolşy ýaly 2025-nji ýylyň 21-nji awgustynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edara binasynda ir säher bilen «KIDS EXPO: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi ýarmarkasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu sergi-ýarmarkasy 2025-nji ýylyň 21-23-nji awgustynda geçirilip, oýunjak, bilim, saglyk, güýmenje we beýleki goşmaça çagalar üçin harytlaryň we hyzmatlaryň ähli ugurlaryny öz içine alyp, oýunlar we çagalar önümleri halk köpçüligine ýetirilýär.

Watanymyzda her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen bu sergi-ýarmarkada çagalar we ýetginjekler üçin niýetlenen ösüşe ýardam berýän oýunlaryň, neşir önümleriniň, okuw esbaplarynyň, egin-eşikleriň, sport, elektron harytlaryň we beýleki ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleriň dürli görnüşleri bu ýere gelýän çagalaryň wagtlaryny diýseň täsirli geçirmegi üçin edilýän işleriň ýene bir ýola aýdyň subutnamasydyr.

Bu ýere gelýän çagalar Türkmenistan döwletimizi bagtyýar çagalygyň mekanyna öwüren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna özleriniň çaga ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini beýan edýärler.

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we

köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar