Döwletli Diýarymyz bu günki günde ýaşlygyň joşgunyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň bagtyýarlygyna, Watanymyzyň rowaçlygyna, mähir-muhabbete, söýgä beslendi. Ajaýyp durmuş bolsa ýaşlaryň hem-de bütin halkymyzyň ykbalyny bezeýär. Mähriban Diýara bolan garaýşyň barha baýlaşmagy, Arkadagly ýyllaryň gadyr-gymmatyna halkyň düşünmegi, birek-birege mähir berip ýaşamagyň hikmeti diňe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza bagyş eden beýik işleriniň netijesidir. Çünki türkmeniň ykbaly döwletli Diýaryň ösüşleri, halkyň söýgä, duýga süýjülige beslenen durmuşy şu zamanadan güýç alýar. Zamanyň güýç-gurbaty, kuwwaty bolsa barha artyp, oň goýnunda ýaşajyk nesillerden başlap ýaşuly nesillerimize çenli sapaly durmuşda ýaşaýar. Döwletli döwran, bagtyýar ýyllar, agzybir iller üçin Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik tutumly işleri şowuna bolup, bütin adamzadyň egsilmez alkyşyna mynasyp bolýar.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän şeýle giň möçberli özgertmeleriň netijesinde halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Il-ýurt bähbitli işler ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen okgunly gadam urýan ýurdumyzy mundan beýläk-de beýik sepgitlere ýetirmekde ähmiýete eýedir.
Bu günki gün eziz Diýarymyz bereket çeşmesine, bolçulygyň mekanyna öwrüldi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan halk bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik başlangyçlar rowaçlyklara beslenýär. Halkymyzyň abadan hem eşretli durmuşda ýaşamagy, öndürijilikli hem-de döredijilikli zähmet çekmegi üçin zerur bolan ähli döwrebap şertler döredilýär. Ata-babalarymyzyň agzybir, parahat durmuşda ýaşamak baradaky ýol-ýörelgelerine ygrarly türkmen halky öz çekýän yhlasly, halal zähmetiniň hözirini görýär. Berkarar Watanymyzyň beýik geljeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine hyzmat etmek biziň her birimiz, esasanam, ýurduň ertirki daýanç sütüni bolan ýaşlar üçin uly mertebe we mukaddes borçdur. Döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýaşlary ertirki gün ýurdy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek ogul-gyzlarydyr. Ýaşlaryň joşgunly hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga bolan sarpasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy Arkadagymyzyň beýik ynsanperwer işleriniň beýanydyr.
Döwrüň belentliklerini nazarlap, öňe barýan ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary we bimöçber aladalary netijesinde ýaş nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagynda, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagynda, ylmy we döredijilik işlerine höweslenmeginde, dünýägaraýyşlarynyň giňelmeginde, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynda hemmetaraplaýyn goldaw bermek, hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan baş wezipeleriniň biridir.
Hormatly Prezidentimiz: «Ýaşlar ýurdumyzyň we halkymyzyň geljegidir. Şonuň üçin hem Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň mümkinçiliklerini giňeltmekde we durmuşa geçirmekde uly işler durmuşa geçirilýär» diýip nygtaýar. Bu bolsa ýaşlaryň kämil watansöýüji, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup kemala gelmegine uly itergi berýär.
Ýurdumyzda her bir gazanylan şeýle belent sepgitleriň gözbaşynda dünýe içre ykrar edilen milli Liderimiziň goldaw-hemaýatlary, irginsiz zähmeti, döwrüň badyna tizlik berýän başlangyçlary, jöwher parasady durandyr. Olaryň özen-sütüniniň watansöýüjilikden hem ynsanperwerlikden gözbaş alýandygyny halkymyz her bir ädimde görüp, duýup, bu belent hakykatdan ruhy güýç alyp ýaşaýar. Bu ruhubelentlik syýasy, ykdysady, medeni-durmuş ulgamlarynda gazanylýan taryhy ýeňişlere egsilmez güýç bolup goşulýar.
Rowaçly Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurduň geljekki eýeleri bolan ýaşlaryň päk ahlakly, ylymly, bilimli, ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ýadawsyz aladalar edilýär. Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde okuw möhleti halkara ölçeglerine laýyk getirilip, ýaşlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegine, döwrebap bilim-terbiýe almagyna ähli zerur şertler döredildi. Milli bilim ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady has-da kämilleşdirildi. Bedew bady bilen okgunly öňe barýan ýurdumyzyň bilim-ylym ulgamyny öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetirmek, bu ugurda ýokary netijeleri gazanmak, halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek, okuw-terbiýeçilik, ylmy-barlag işleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak berkarar döwletimizde baş maksatlaryň biridir.
Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler Watanymyzyň kuwwatynyň sarsmaz binýadyny has-da pugtalandyrýar, nurana ilimiziň milli mertebesini tutuş dünýäde barha belende göterýär. Gahryman Arkadagymyzyň: “Eziz ýaşlar! Beýik Garaşsyzlygymyzy, baky Bitaraplygymyzy pugtalandyrmak, mizemez döwletimiziň belent at-abraýyny goramak we barha artdyrmak üçin siziň etmeli işleriňiz örän köpdür” diýen sözlerinden ugur alyp, mundan beýläk-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri bolup, hormatly Prezidentimiziň adyl syýasatyny ösüp gelýän ýaş nesillerimize düşündirmekde, wagyz-nesihat işlerimizi ýaýbaňlandyrmakda tutanýerli işleri alyp bararys.
Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän belent tutumly işleri, Watan, döwlet, adam hakdaky beýik taglymatlary, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we dostluk hakdaky ýörelgeleri, päk ahlaklylyk, halallyk, zähmetsöýerlik hakyndaky öwüt-ündewleri ýaşlar üçin nusgalyk görelde mekdebidir. Watansöýüji ýaşlar bu görelde mekdebine eýerip, agzybirlikde, abadançylykda, bagtyýarlykda, asudalykda ýaşar, gurar, döreder, ynamly öňe gider!
Watanymyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, kämil bilimli, sagdyn bedenli we zähmetsöýer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, röwşen geljegi üpjün etmek ýaly asylly maksatlary durmuş ýüzünde ähli zatdan ileri tutýan milli Liderimize hoşallygymyzyň çägi ýokdur. Il alkyşly Sarpasy Belent mertebeli Prezidentimiziň halk üçin, ýurt üçin, tutuş adamzat üçin edýän aladalary bimöçberdir. Olaryň ählisi her bir günümizi bagtly geljege, ýagty ertirlere atarýan il-halkymyzyň Howandary, ýaşlaryň Arkadagy hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.
“Nesil” gazeti,
29.06.2019ý.