DEMIR ÝOL ULGAMYNDA: WAGT TYGŞYTLYLYGY

Ýurdumyzda ulag ulgamy hem ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolup, bu ulgamyň ösdürilmegine döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Şeýle hem ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen birlikde ulgamyň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi boýunça-da netijeli işler alnyp barylýar. «Maksatly ýaşamak durmuşa ynamly we çynlakaý çemeleşmekdir» diýilýär. Çünki öňde goýulýan her bir maksat özi bilen yhlasly zähmet çekmegi, okamagy, öwrenmegi, döretmegi, gurmagy talap edýär. Öňde goýlan anyk maksatlar öňki gazanylýanlary göz öňünde tutup, döwre görä gadam urmak, täze sepgitlere ýetmek, bar bolan mümkinçilikleriň üstüni ýetirmek, aň-düşünje, ylym-bilimde öňe gitmek zerurlyklaryny ýüze çykarýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň «Türkmendemirýollary» agentligini tehnologik taýdan enjamlaşdyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýolagçylara edilýän hyzmaty kämilleşdirmäge we ýolagçy gatnatmagyň möçberlerini artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Şonuň bilen bir wagtda demir ýol ulaglary pudagyny onlaýn ulgama geçirmek boýunça işler yzygiderli dowam etdirilýär. Bu ugurda «Türkmendemirýollary» agentliginiň ýakynda ýolagçylar üçin onlaýn bilet hyzmaty ýola goýuldy. Bu hyzmatyň işe başlamagy bilen ýolagçylar öz akylly telefonlarynda gurnalan «Turkmenistan Railways» mobil programma üpjünçiliginiň kömegi ýa-da railway.gov.tm internet saýtyna girmek arkaly syýahat etmek islän wagtynda, şeýle hem syýahat etmek isleýän ugruna elektron biletleri satyn alyp bilerler. Bu onlaýn bilet ulgamynyň işleýiş ýeňilligi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Bu barada giňişleýin durup geçmek okyjylarymyz üçin hem göwnejaý bolsa gerek.

«Türkmendemirýollary» agentliginiň railway.gov.tm internet sahypasy hem-de «Turkmenistan Railways» mobil programma üpjünçiligi esasy 4 bölümden ybarat. Olar «Gat­naw ter­ti­bi», «Ýo­lag­çy gatnawlary», «Logistika», «Habarlar» bölümlerinden ybaratdyr. Türkmen we rus dillerini saýlamak mümkinçiligi bolan saýtyň «Gatnaw tertibi» bölüminde ýurdumyzyň islendik künjeginden haýsy belgili gatnawda, hepdäniň haýsy günlerinde, haýsy ugra, näçe wagtda otly gatnawlarynyň amala aşyrylýandygy barada giňişleýin maglumat alyp bilerler. Internet saý­ty­nyň «Ýo­lag­çy gat­nawlary» bölüminde bolsa ýolagçylar otly gatnawlar bilen bagly özüni gyzyklandyrýan islendik sowalyna jogap tapyp bilerler. Olaryň hatarynda onlaýn bilet satuwy, ýolagçy sany, el goşlarynyň we ýükleriniň gatnadylyş tertibi we başga-da dürli sowallara düşündiriş berilýär. Şeýle hem bu bölümde «Turkmenistan Railways» mobil programma üpjünçiliginiň «Android» we «iOS» iş ulgamlaryna niýetlenen görnüşini internetden ýükläp almak mümkinçiligi göz öňünde tutulandyr. «Türkmendemirýollary» agentligi demir ýol arkaly ýük daşamak bilen bagly hyzmatlaryň ençeme görnüşini amala aşyrýar we Türkmenistanyň çäginde onuň birnäçe wekilçilikleri ýerleşýär. Türkmenistanyň çägi we GDA, Baltika döwletlerine, Eý­ra­na, Ow­ga­nys­ta­na, Hy­ta­ýa, Ýew­ro­pa­nyň we Azi­ýa­nyň beýleki ýurtlaryna eksport, import we üstaşyr ýükleri daşamak üçin iň pes demir ýol nyrhnamalarynyň bahasyny hasaplap, gysga wagtyň dowamynda müşderilere hyzmat edýär. Bu maglumatlar internet saýtynyň «Logistika» bölüminde öz beýanyny tapýar. Şeýle hem bu bölümde zerur bolan resminamalary doldurmagyň tertibi, logistika hyzmatlary üçin nyrhnamalar baradaky maglumatlar bilen tanşyp bilersiňiz. «Habarlar» bölüminde bolsa ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni, şeýle hem senagat we kommunikasiýa ulgamyna degişli habarlardyr täzelikler bilen tanyşmak mümkinçiligi döredilendir. Biletleriň tölegini «Altyn asyr» töleg kartlary arkaly amala aşyrmak göz öňünde tutulan. «Türkmendemirýollary» agentligi ilatymyza hödürleýän hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, pudagymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, häzirki zaman ülňülerine laýyklykda hyzmatlary ýola goýmak maksady bilen, «Android» we «iOS» ulgamlary üçin niýetlenilen programmalary ulanyjylara hödürledi. Programmalar arkaly elektron biletleri satyn almak bilen birlikde syýahat edilen ähli biletleri telefonyňyzda saklamak mümkin.

Milli Liderimiziň ýurdumyzy ösdürmeklige gönükdiren asylly başlangyjy esasynda iň gymmatly ha­zy­na­ny — wag­ty tyg­şytlamaga mümkinçilik döredýär. Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Gurbangeldi HYDYROW,

«Türkmendemirýollary» agentliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

“Nesil” gazeti,

13.07.2019ý.

Meňzeş habarlar