Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman tehnologik enjamlary bilen üpjün edilen saglyk öýleri, hassahanalar, şypahanalar, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri, keseli anyklaýyş, «Ene mähri» merkezleri, dynç alyş öýleri, seýilgähler guruldy. Bu döredilen şertler geljek nesliň sagdyn ösmegine we kemala gelmegine, saglyklaryny gorap saklamaga, wagtlaryny peýdaly we şadyýan geçirmäge giň mümkinçilikler döredýär.
Hormatly Prezidentimiz hemişe ýurdumyzyň bilim, saglygy goraýyş we ylym ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň çaltlandyrylmagyna ünsi çekmegi aýratyn bellärliklidir. Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda maddy-enjamlaýyn binýadyň döredilendigini hem-de täze lukmançylyk merkezleriniň, institutlaryň, mekdepleriň, sport desgalarynyň ulanylmaga berilmeginiň hasabyna onuň ýyl-ýyldan berkidilýändigini we giňeldilýändigini aýdýar. Bu bolsa ýurdumyzda häzirki wagtda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ileri tutulmagynyň, geljekde döwletimizi we jemgyýetimizi sagdyn ösüş ýollaryna alyp barjak nesillerimiziň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmegi üns merkezinde saklanylýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynda ilatyň saglygyny goramakda ýurdumyzyň baý tebigy bejeriş serişdelerinden peýdalanmak barada aýratyn bellenilip geçilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň tebigy çeşmeleriniň bejeriş mümkinçilikleriniň binýadynda şypahana ulgamyny ösdürmek meselelerine uly üns berýär.
Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny dikeltmekde şypahanalar saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm pudaklarynyň biri bolup hyzmat edýär. Şypahanalaryň işi babatda döwlet syýasatynyň ýörelgelerini kesgitlemek we Türkmenistanda tebigy bejeriş serişdeleriniň we şypahanalaryň öwrenilmegi, peýdalanylmagy, ösdürilmegi hem-de onuň goralmagy babatyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmekde «Şypahana işi hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň esasy maksatlarynyň biridir. Raýatlaryň saglygyny goramaga we dynç almaga bolan konstitusion hukugynyň döwlet kepillikleriniň bellenilmegi, ýurduň tebigy bejeriş serişdeleriniň goralmagyny we öwrenilmegini üpjün etmek üçin amatly şertleriň döredilmegi, olaryň peýdalanylmagynyň esasynda bejerişiň guralmagy, keselleriň öňüniň alynmagy kabul edilen kanunyň esasy wezipeleri bolup durýar. Ýurdumyzdaky şypahana edaralary bejeriş, öňüni alyş, saglygy dikeldiş çärelerini, ilatyň dynç alşyny häzirki zaman derejesinde guramak we geçirmek işleri amala aşyrmakda ähmiýeti uludyr. Şu nukdaýnazardan, kanunçylykda häzirki zaman lukmançylyk enjamlarynyň we innowasion tehnologiýalaryň esasynda ilatyň saglygyny bejermegiň we berkitmegiň dünýä ülňülerine laýyk gelýän sagaldyş-dikeldiş usullaryny ornaşdyrmaklygy şypahana edaralarynyň esasy wezipeleriniň hatarynda bellenilýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň ilatyň saglygyny goramak babatynda alyp barýan döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşýandygyny kepillendirýär.
«Türkmenistanda syýahatçylyk ulgamyny goldamagyň we ösdürmegiň 2011 — 2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden özleşdirmäge we toplumlaýyn ösdürmäge, döwrebap dynç alyş şertlerini döretmäge, ulgamy ykdysady taýdan öňdäkileriň hataryna goşmaga, Watanymyzyň gadymy taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny dünýä ýüzüne wagyz etmäge gönükdirilen işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Şypahana işi hakyndaky» Türkmenistanyň kanuny Milli maksatnamada döwrebap dynç alyş şertlerini döretmäge gönükdirilen çäreleri amala aşyrmakda hukuk binýady bolup hyzmat eder.
Kanunda şypahana işi babatda halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylmagynyň hukuk kadalary berkidilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ady belli şypahanalary özüniň tebigy aýratynlyklary bilen daşary ýurtlylaryň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Biziň türkmen topragymyz şypaly köllere, melhem mekanlara baýdyr. Özüniň tebigy aýratynlygy bilen dürli dertlere melhem bolup bilýän, Hazaryň kenarýakasynyň türkmen böleginde döredilen «Awaza» şypahanasynyň, dynç alyş öýleriniň, myhmanhanalaryň düzüminde saglygy goramak we bejeriş bölümleriniň, melhem suwly howuzlaryň, sport toplumlarynyň, trenažýor zallarynyň, şeýle hem beýleki saglyk desgalarynyň bolmagy, olaryň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Şonuň ýaly-da özüniň tebigy aýratynlygy bilen dürli dertlere melhem bolup bilýän, ekologiýa taýdan arassalygy, syýahatçylygy ösdürmäge, watandaşlarymyzyň we daşary ýurtly raýatlaryň dynç almaklary hem-de saglyklaryny dikeltmekleri üçin uly mümkinçilikleri döredýän «Arçman» «Ýyly suw», «Mollagara», «Farap», «Baýramaly», «Berzeňňi» ýaly şypahanalar halka hyzmat edýär. Bu sagaldyş merkezleri barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitaby saglyk infrastrukturasyny kämilleşdirmegiň, pugtalandyrmagyň guraly hökmünde şypahana ulgamyny mundan beýläk hem giňeltmäge, kämilleşdirmäge itergi berýär.
Ýurdumyzyň şypahanalarynda dynç alýanlara bereketli türkmen topragynda ösýän dermanlyk otlardan taýýarlanylýan tagamly çaýlar, bejeriş gaýnatmalary we içgileri hödürlenilýär. Onda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli kitaplarynda beýan edilen usullardan we maslahatlardan peýdalanylýar.
Umuman alanymyzda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda adamlaryň saglygy we dynç almagy üçin degişli şertleri döretmekde Türkmenistanda şypahanalaryň, sagaldyş merkezleriniň döredilmegi, olaryň goralmagyna aýratyn ähmiýet berilmegi hem-de bu ugruň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleri baradaky döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagynda badalga bolar.
Mähri ÖRÄÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
“Nesil” gazeti,
18.07.2019ý.